CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösüşlere ýetmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda beýik işler alnyp barylýar. Şonuň esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň her bir güni şanly senelere, buýsançly wakalara beslenýär. Şu ýyl bellenilýän paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 143 ýyllygyny, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ulydan toýlanylýan ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, merdana halkymyzyň köňlüni ruhy buýsanja besledi.

Bu gün Aziýanyň merjen şäheri hökmünde şöhraty dünýäniň ähli künjegine ýaýran paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp keşbi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe günsaýyn özgerýär, gül görki gaýtalanmajak gözellige beslenýär. Häzirki wagtda ak şäherimiziň gurluşygynda ata-babalarymyzyň täsin binagärlik sungatynyň däpleri häzirki zaman şähergurluşygyň kämil nusgasy bilen sazlaşykly utgaşýar. Şu ýörelgelere esaslanyp, olary sazlaşykly ulanmak arkaly dürli öwüşginli, belent başly desgalar bina edilýär. Ak şäherimiz Aşgabat kämil we haýran galdyryjy keşbi bilen dünýäniň ajaýyp täsinliklerini özünde jemleýän Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan hem ençeme gezek mynasyp orun aldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyz, Bitarap Türkmen döwletiniň paýtagtynyň ýurduň dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip, ýetilýän belent sepgitleriň gerimini has-da giňeltjekdigine berk ynanýaryn» diýen sözleri bu gün berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerinde dabaralanýar. Bu günki gün her bir türkmenistanlynyň ýüregi ýurdumyzyň baş şäherine bolan buýsanç duýgulary bilen gurşalandyr. Çünki, gözel paýtagtymyzyň nurana keşbinde eziz Watanymyzyň ýetýän belent sepgitleriniň, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda eşretli ýaşaýşynyň özboluşly beýany jemlenendir. Paýtagtymyzdaky onlarça seýilgähler, müňlerçe düýp agaç nahallary we güller ak şäherimiziň görküni artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna hem nuranalyk eçilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny aýdyň alamatlandyrdy.

Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi şypaly tebigatyň özboluşly aýratynlyklary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, tanalmaz derejede özgerýär. Arkadag, «10 ýyl Abadançylyk», «Garaşsyzlyk», «Aşgabat», «Laçyn» medeni-dynç alyş seýilgähleri we «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumy özüniň täsin gözelligi, ýakymly howasy, dynç alyş şertleri bilen aşgabatlylaryň we myhmanlaryň şatlygyny goşalandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip bellenilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi Aşgabadyň binagärlik taýdan ösüşi bilen birlikde, onuň parahatçylyk söýüjiligiň hem-de durnukly ösüşiň halkara merkezi hökmünde ykrar edilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ak şäherimiziň waspy aýdymdyr mukam, goşgy-gazal bolup, mukaddes ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynyň töründe ýaşaýar. Bu günki gün ak mermere beslenen paýtagtymyzy görmäge göz, taryp etmäge söz gerek.

Şahyr Gurbannazar Ezizow hem öz şygyr setirlerinde:

Şäher guruň, penjiresi giň bolsun,
Säher Gün şähere başyny egsin

– diýmek bilen, ak şäherimiz Aşgabadyň hut häzirki ýagdaýyny taryplaýana meňzeýär.

Elbetde, bu gün gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Ol türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar.

Her ýylyň 25-nji maýynda asuda, parahat ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabarasy agzybirlikde, uly ruhubelentlikde, giň gerimli medeni köpçülikleýin çärelere beslenip, geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär.

«Soňky jaň» dabarasy uçurymlaryň kalbynda hemişe aýratyn tolgunma döredýär. Şol gün uçurymlar mekdep bilen, mugallymlary, çagalyk dünýäsi bilen hoşlaşýarlar, mugallymlara hem-de ene-atalaryna hoşallyk bildirýärler. Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly we şatlykly wakalara utgaşmak bilen birlikde, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny, beýik ynamdan ruhlanyp, täze açyşlara giň ýol açylýandygyny alamatlandyrýar.

Elbetde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň   25-nji maýyndaky baýramçylyk çäreleri, esasan hem hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby orta mekdepleriň uçurymlaryny täze üstünliklere ruhlandyrar.

Türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine ägirt uly işleri bitirýän, ählumumy parahatçylyk döredijilik işinde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.