CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

NEPIS TÜRKMEN HALYSY — ZENANLARYŇ SUNGAT YLHAMY

Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşlere, rowaçlyklara beslenýär. Zähmet ýeňişlerine, şan-şöhrata beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly wakalary, şatlykly pursatlary taryhyň sahypalaryna ýazýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli pudaklarda uly ösüşler gazanylýar, ata Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we täzeçe mazmunda baýlaşdyrmaga gönükdirilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Elbetde, şol gymmatlyklaryň naýbaşylarynyň biri hem halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan, toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan nepis türkmen halylarymyzdyr.

Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Aslynda, halyçylyk hem hünärdir, hem sungatdyr. Nesillere berlen terbiýä, edilen öwüt-ündewlere hem-de halypa-şägirtlik milli ýol-ýörelgä eýerilmegi netijesinde halyçylyk sungaty biziň günlerimize kämil nusgada gelip ýetipdir. Belli bolşy ýaly, her bir halk dünýäde özüniň  gymmatlyklary bilen tanalýar. Türkmen halky hem özüniň ajaýyp, nepis halysy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýdy. Täze taryhy döwürde sungat derejesine ýetirilen türkmen halysynyň ýer ýüzündäki meşhurlygy has-da artdy. Häzir türkmen halylary halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde has-da dabaralanýar hem-de kämilleşdirilýär.  

 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda beýleki toý-baýramlar bilen bir hatarda eziz Diýarymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen halysynyň baýramy» giň gerim bilen bellenilip geçilýär. Tutuş ýurdumyzda bu baýram mynasybetli Halkara ylmy maslahatlar, sergiler we döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Şeýle-de, ussat we halypa halyçylara hormatly atlar dakylyp, döwlet sylaglary gowşurylýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly  Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabaty diňledi. Belli bolşy ýaly, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisini geçirmek we oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. 

Halk arasynda «El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, türkmen halysy asyrlardan-asyrlara  aşyp,  häzirki   bagtyýar  zamanamyzda   aýal-gyzlarymyz   tarapyndan

sünnälenilip dokalýan inçe sungatymyz bolmak bilen öz nepisligi, tebigy owadan öwüşginliligi bilen  tapawutlanýar.

Halyçylyk-türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Ajaýyplygy, nepisligi bilen göreni özüne bendi edýän bu inçe sungatyň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar.  Taryha ser salanymyzda, baryp, 5 müň ýyl mundan ozal hem türkmen halylarynyň dokalandygy äşgär bolýar. Asyrlary, müňýyllyklary aşyp, nesillerden nesillere geçip, özüniň gymmatyny ýitirmän, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan haly türkmeniň durmuşynda gadymdan meşhur bolup gelen nepis sungatdyr. Türkmen halysy özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýar. Halylardaky göllerdir nagyşlar türkmen halysynyň gadymylygyndan habar berýär. Halylardaky nagyşlary içgin synlasaň, olarda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy bilen tanyşmak mümkin. Türkmen sährasynyň gülälekli meýdanyny ýadyňa salýan çog gyzyl halylar ilkibaşda ak öýleri bezemek üçin niýetlenipdir. Türkmen halysynda halkyň özboluşly, aýdyň ruhy medeniýeti, onuň egsilmez çeperçilik ukyby hem-de göwün islegi öz beýanyny tapýar. Türkmen gelin-gyzlary öz ýürek arzuwlaryny hala ussatlyk, inçelik we nepislik bilen siňdiripdirler.

Türkmen halysy türkmen zenanlarynyň yhlasy, mähiri siňen häzirki güne çenli, hem dünýä halklaryny haýrana goýýan özboluşly, nepis sungatdyr. Olar tebigatyň gözel keşbini, ymgyr çöllerini, dagydyr-düzüni, türkmen ýaýlasyny, tebigatymyzda bar bolan özboluşly reňkleri nagyşlaryň üsti bilen halylara siňdiripdirler. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzdan alyp gaýdýar we ondaky keşdeler bolsa türkmen tebigatyny, gülleri, haýwanlary, derýalary, daglary, şeýle hem Güni we Aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir, milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir. Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Gelnalyjyda gelni haly ýapylan düýä mündüripdirler. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar. Öýlenýän ýigide bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrasyna haly dokalypdyr, soňra ol ilkinji ädimlerini şol halyda ädipdir. Çarwa öýleriniň gapysyndan «gapylyk» diýlip atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Türkmen hojalygyndaky esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edip, ol maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr, gadymdan gelýän sungat eneden-gyza geçipdir.

Bu günki gün türkmen gelin-gyzlary gadymy, milli haly senedimiziň täzeden-täze nusgalaryny döredýärler. Çünki, türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Haly — halkymyzyň gadymy hem müdimi, owal-ahyr ygrarly sungatydyr». Beýle sungat bolsa elmydama sarpalanmaga, tarypyny belent tutmaga mynasypdyr. «Haly — zenan üçin mertebe, ýaşaýşyň daýanjydyr» diýlip, türkmen zenanynyň el hünärine ýokary baha berilýär. «Paýhas çeşmesi» kitabynda bolsa Türkmen halylary hakynda şeýle nakyllar ulanylýar: «At-ýigidiň diregi, haly-gyzyň ýüregi» ýa-da «Haly ýüwürdip, kilim kesme». Bu nakyllaryň üsti bilen halkymyzyň kalbynda, taryhynda atyň hem-de türkmen halysynyň aýrylmaz orny aýratyn bellenilýär. Öňki döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de daşary ýurtlular türkmen halylaryny örän sarpalaýarlar. Milli haly sungatymyz bu günki gün daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilere gatnaşdyrylýar. Türkmen halylary halkara sergilerinde daşary ýurtly halyşynaslaryň söýgüsine, ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Häzirki wagta çenli dünýäniň iň uly halylarynyň Türkmenistanda dokalandygyny hem buýsanç bilen belläp geçmek bolar. 2001-nji ýylda dokalan ol halynyň umumy meýdany 301 inedördül metr bolup, agramy bolsa 1 tonna 200 kilograma barabar bolan «Altyn asyr» halysy dünýäde elde dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda açylan Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň binasynyň üçeginde ýerleşdirilen haly gölleri «Iň uly haly göli» (705 inedördül metr) hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.

Asyrlardan-asyrlara aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, türkmen halkynyň el hünärini, halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Beýik, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Türkmen halysynyň baýramy gutly bolsun, eziz watandaşlar!

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.