CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI — KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini aýtdy. Ussadyň saýlama şygyrlaryndan düzülen, üç dilde neşir edilen bu kitabyň ilkinji sanyny hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyza ibermeginiň özi-de halkymyzyň müňýyllyklar içre dowam edip gelýän terbiýe mekdebiniň paýhas damjalary bolup, kalplara damdy. Bu eser «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boldy.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen bu kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, döwletlilik baradaky filosofik garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýan ajaýyp ýygyndydyr. Onuň söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň baýram edilýän ýylynda we şunuň bilen baglanyşykly, halkara derejesindäki çäreleriň geçirilýän günlerinde, şahyryň paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak,  ýaş nesli beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle-de, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragy hakyndaky goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär.

Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynda: «Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga püre-pür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip belleýşi ýaly, akyldaryň şygyrlary dünýä gymmatlygyna öwrüldi.

Häzirki günlerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen «Magtymguly» atly kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndaky suratlar bilen bezelmegi kitabyň täsirliligini has-da artdyrýar. Onuň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy.

Çykyşlarda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini aýratyn bellediler. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiz üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň ýokarydygyny aýratyn nygtadylar. Munuň özi milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagydyr, şeýle hem medeniýet diplomatiýasynyň rowaçlanmagydyr.

Bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda XVIII asyryň türkmen durmuşy, taryhy, syýasy wakalar, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr.

Dana Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylyk temasydyr. Onuň dogduk mekanynda berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary halky agzybirlige çagyrypdyr. Şahyryň döredijiliginde önüp-ösen ýeriniň tebigy gözelligini wasp edýän «Soňudagy», «Hasar dagynda», «Gürgeniň» ýaly goşgular hem bar. Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, arzuw-umytlar bilen bagly ylham beriji duýgulara-da ýugrulandyr. Muny şahyryň «Türkmeniň», «Türkmen binasy» şygyrlarynda aýdyň görmek bolýar.

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Çünki, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti — ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýy. Bu şanly sene mynasybetli dünýä jemgyýetçiligi bilen alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, «Magtymguly» atly kitap akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly şahyrana we filosofik mirasyny öwrenmäge täze itergi berer.

Elbetde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde bu ajaýyp eseriň çapdan çykmagy watandaşlarymyzy has hem ruhlandyrdy. Şeýle ruhy galkynyşyň sakasynda duran, medeni-mirasymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Hekimberdi Öwezow,
 Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.