CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ LEZZETLI HÖZIRI

Bagtyýar çagalygyň mekany hasaplanýan asuda Diýarymyzda, dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni giňden baýram edilip bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde demokratik ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistanda ýaş nesil baradaky aladanyň yzy üzülmeýär, çünki «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, çagalary okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini geljekde has-da kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeler kesgitlenilendir. 

Elbetde, 1-nji iýun dünýäniň köp ýurtlarynda çagalaryň baýramy hökmünde bellenilýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, eýsem, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir. Bu günde ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Halkara çagalar güni iň gadymy halkara baýramçylyklaryndan biridir. Ony geçirmek karary 1925-nji ýylda Źenewada çagalaryň abadançylygy boýunça Bütindünýä konferensiýasynda kabul edildi. Şol ýyl Hytaýyň San-Fransiskodaky Baş konsuly hytaý ýetimleriniň bir toparyny ýygnapdyr we Duan Wu Jie (Dragon Boat atly Festiwaly) 1-nji iýunda bellemegi gurnapdyr. Ol  gün bolsa Źenewada geçirilen «çagalar» konferensiýasynyň wagtyna gabat gelipdir. Ikinji jahan urşundan soň, çagalaryň saglygyny we abadançylygyny goramak meselesi öňküsinden has derwaýys bolanda, 1949-njy ýylda Pariźde aýallaryň gurultaýy geçirildi, şonda dowamly parahatçylyk üçin ýadawsyz göreşmäge kasam edildi. 1950-nji ýylyň, 1-nji iýunynda ilkinji Halkara Çagalar güni geçirildi, şondan soň her ýyl bu baýramçylyk geçirilýär.

Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri şadyýan körpelerimiziň kalbynda Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýlip, örän jaýdar aýdylýar. Çagalar – biziň geljegimiz. Ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.

Ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin döwletimizde uly aladalar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, mümkinçilikleri çäkli we ýarawsyz çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Döredileli bäri köp wagt geçmese-de, alnyp barlan haýyr-sogaply işler howandarlyga mätäç nijeme ynsanyň kalbynda umyt uçgunlarynyň döremegine sebäp boldy. Gaznanyň hemaýat bermeginde köp sanly näsag çagalarda operasiýalar geçirilip, olaryň saglygy dikeldildi.

Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF hem saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Çaganyň hukuklary ulgamynda gün tertibini ilerletmek üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikler bar. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine girýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny kabul etdi. ÝUNISEF guramasy tarapyndan kabul edilen iki maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagyny goldandygy buýsandyryjydyr, bu maksatnamalar çaganyň irki ösüşi babatynda ähli hyzmatdaşlaryň ornuny kesgitleýär: olar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň ahyrynda kabul eden «Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasydyr» hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 – 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasydyr».

Şu maksatlardan ugur alnyp, bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygarymyzyň astynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!

 

Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.