CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

Sport giňişliginde uly abraý-mertebä eýe bolan demokratik döwletimizde ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini dowam etdirip, türkmen sportuny gülledýän we ösdürýän hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty bu günki gün diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem gyzgyn goldaw tapýar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň  başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynda 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 3-nji iýunynda — dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde eziz Diýarymyzda hem uly ruhubelentlikde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dürli sport ýaryşlary, welosipedli ýörişler geçirilýär.Şu wakanyň hormatyna Aşgabatda «Welosiped» binasy guruldy. Bu bina 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dost-doganlygyň ilçisi hökmünde sportuň giň mümkinçiliklerini açyp görkezýän halkara baýramdyr. Türkmenistanda welosiped sportunyň taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň döredilmeginden başlanýar. Şondan bir ýyl soňra, sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar guralypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda bir asyrlyk taryhy bolan sportuň bu gyzykly görnüşi uly ösüşe hem-de täze many-mazmuna eýe boldy.

Ýeri gelende bellesek, bu baýramçylyk çäresine, welosipedli ýörişlerlere döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy diňe bir şu wakanyň derejesini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň ähmiýetini ýokarlandyrýar, beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň kämil milli ulgamyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň subutnamasyna öwrülýär.

Bilişimiz ýaly, welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşidir. Şonuň üçin-de hereket etmegiň, gezelenç etmegiň, sport bilen meşgullanmagyň serişdesi hökmünde welosipedi saýlap almak bilen, adam diňe bir öz saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawy aýawly saklamaga hem goşandyny goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kabul edilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ekologik abadançylyk bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Bu möhüm şert bilen baglylykda, yzygiderli geçirilýän welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri terbiýeçilik häsiýetine hem eýedir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman sport desgalary bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän üsti ýapyk welotrek toplumy ýerleşýär. Bu ýerde «Aziada — 2017-niň» maksatnamasyna girizilen welosiped sürmek boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň çagalary we ýaşlary aýratyn özüne çekýändigini bellemelidiris.

Şeýle-de, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçihanalary tarapyndan welosipedli ýörişler guralýar we oňa dünýäniň köp sanly şäherleriniň ilaty işjeň çekilýär. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk bolsa adamyň özüne ynamyny berkidýär hem-de ony döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek üçin bedenterbiýe we sport örän möhümdir, güýç-kuwwatyň we gözelligiň çeşmesidir .

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda guralýan welosipedli ýörişler türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň, beýik maksatlara ýetmek ugrunda ýurt baştutanlarymyzyň daşynda mäkäm jebisleşendiginiň, Magtymguly Pyragynyň taglymatlarynyň dabaralanmasy bolup, erkanalyk ruhumyzy belende göterýär.

Eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.