CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

YLMYŇ KÄMILLIGI – DÖWLETIMIZIŇ BERK BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary bilen täze ösüşlere tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni uly ruhubelentlikde, agzybirlikde bellenilip geçirilýär. Bu günüň maksady ylmy we tehnologiki ösüşleri adamzat siwilizasiýasynyň peýdasyna, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ulanmakdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ata Watanymyzy dünýä ösüşleriniň täze belentliklerine ýetirmek, ylym ulgamyny ösdürmek wajyp wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda alymlaryň ylmy täzeliklerini hem-de oýlap tapmalaryny önümçilige ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatynda oňyn netijeler gazanylýar.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Ylym-taglym alan seni unutmaz» diýip, öz goşgusynda beýan etmegi hem onuň ylym, bilim meselesini döredijilik işlerinde ünsden düşürmändigine şaýatlyk edýär. Asla, ata-babalarymyz ylym-bilim ugruna ýokary orunda goýupdyrlar.

Ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, esasy maksatlar we wezipeler, seýle hem onuň ösüşinde ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi, ylym we ýokary tehnologiýalar boýunça iri halkara guramalary we ylym merkezleri bilen uzakmöhletleýin halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Ýurdumyzda döwletiň ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýän ýokary eradasynyň – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işjeň hereket etmegi ylmy-tehniki kuwwaty pugtalandyrmaga, ukyply ýaşlary ylmy işlere çekmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ylym ulgamynyň wekilleri üçin Aşgabat şäherindäki Tehnologiýalar merkezinde hem giň mümkinçilikler bardyr. Bu ýörite toplumda ylmy-barlag edaralarynyň we okuw mekdepleriniň senagat desgalary, işewürlik merkezleri, sergi guralýan meýdançalar hem-de beýleki desgalar jemlenýär. Bular ylmyň ösüşini höweslendirip, innowasion tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyna we halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňden ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köp sanly halkara ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, ylym we tehnika, bilim ulgamy boýunça gazanylanlar, ylmy-innowasion işläp taýýarlamalaryň mümkinçilikleri seýle hem öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň önümleri hem-de hyzmatlary bilen ýakyndan tanyşmaga, pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär.

Eziz watandaşlarymyzy, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň  12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gün mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys.

Türkmen ylmyny galkyndyrýan Gahryman Prezidentimiz ylma ak ýol açdy. Ýaşlaryň hemme - taraplaýyn ylymly, bilimli bolmaklary üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.