CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

MILLI LIDIERIMIZIŇ AÝDYŇ MAKSADY — ROWAÇLYK BINÝADY

Merdana ata-babalarymyzyň mähri siňen mukaddes ata Watanymyzda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent we agzybir halkymyzyň her güni uly rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Munuň özi «Halkyň bagty çüwse, toýlary goşa-goşadan gelermiş» diýilýän halk paýhasynyň aýdyň hakykata öwrülmesiniň özboluşly subutnamasydyr.

Asuda, parahat durmuşda ömür sürýän Oguz nesliniň şeýle buýsançly seneleriniň biri hem, her ýylyň 29-njy iýunynda bellenilýän, eziz Diýarymyzda iňňän uly işleri amala aşyran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan günüdir. Şahandaz halkymyz bu ajaýyp senäni toý-dabaralara besläp, uly buýsanç bilen belleýär.

Asyrlara barabar ýyllar... Zähmet, üstünlik, maksada okgunlylyk günlere däl, ýyllara zer donuny geýdirýär. Gözel ülkämizde soňky ýyllarda gurlan zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi awtomobil we polat ýollarynyň, turba geçirijileriň onlarça müň kilometri,Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň millionlarça tonnasy, asyryň iri taslamalaryna goýlan milliardlarça maýa goýumlar...— bularyň ählisi hyýal ýaly bir zat.

Emma bu – hakykat! Özi-de gözümiziň alnynda bolup geçen we bolup geçýän beýik gudrat! Onuň gözbaşynda Watanymyza bolan çäksiz söýgi bar. «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip urýan ýürek bar! Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ähli özgertmeleriniň esasy aýratynlygy giň gerimliliginden, innowasion häsiýetliliginden hem-de halkyň abadan durmuşyny, röwşen geljegini üpjün etmäge gönükdirilendiginden ybaratdyr.

Täze taryhy döwürde ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy halkymyzyň agzybirligini, Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygyny, öňde goýlan belent wezipelere mundan beýläk-de üstünlikli ýetiljekdigine çäksiz ynamy görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýatlarda, täze Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş maksatly kaşaň desgalar Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryndan gelip çykýan, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam berýän giň göwrümli milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň netijesidir.

Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Esaslandyryjysy hökmünde alyp barýan asylly işleri hem taryha altyn harplar bilen ýazylmaga mynasyp iň bir sogaply çärelerdir.

Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, Watanymyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Bu gazanylýan ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» taryhy ähmiýetli resminama bolup, ol halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watana şan beren Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi, şu ýyl akyldar şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde Magtymguly Pyragynyň belentligi 60 metr bolan heýkeli guruldy. Akyldar şahyryň «Baryp, mesgen tutam sizi, daglar, heý» diýip, welilik bilen aýdan arzuwy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylhamynyň gudraty bilen amala aşdy.

Pursatdan peýdalanyp, şeýle buýsançly, şatlykly günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!

Bizi şeýle bagtly günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Milli Liderimiziň beýik işlerini, giň möçberli özgertmelerini, oňyn başlangyçlaryny mynasyp we üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris!

 

Merdan Halbaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.