Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň demokratik esaslarda amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 20-nji aprelindäki № 100-VII belgili kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Saýlaw möwsümi 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinden başlandy.
Saýlawlar Aşgabat şäherinde saýlaw okruglarynyň 3–sinde guramaçy-lykly geçirildi. Has anygy, 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda.
Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw okruglarynyň çäklerinde saýlaw uçastoklarynyň 60-sy hereket etdi. Has anygy, Berkararlyk etraby boýunça 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugynyň çäginde 20 saýlaw uçastogy, 2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugynyň çäginde 21 saýlaw uçastogy, Köpetdag etraby boýunça 6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugynyň çäginde 19 saýlaw uçastogy.
Saýlaw toparlary üçin zerur bolan resminamalaryň we beýleki maddy-enjamlaýyn serişdeleriň hemmesi merkezleşdirilen görnüşde üpjün edildi.
Saýlaw uçastoklarynyň 52-si bilim edaralarynda döredildi.
Has takygy:
Ýokary okuw jaýlarynda 6-sy;
Ýörite orta hünärment mekdeplerinde 3-si;
Orta mekdeplerde 21-si;
Çagalar baglarynda 22-si.
Saýlawlar jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda boldy. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy syn etdi.
Milli synçylaryň 56,58 % göterimi zenanlardyr.
Milli synçylaryň 63,16 % ýokary, 34,21 % ýörite orta, 2,63 % orta bilimli adamlardyr.
Ýaşlary boýunça milli synçylaryň 21,05 % 30 ýaşa çenli, 42,10 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 17,11 % 40-dan 50 ýaşa çenli, 19,74 % 50 ýaşdan uly adamlardyr.
Dalaşgärleri hödürlemek 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda başlandy we 6-njy iýunynda tamamlandy.
Dalaşgärleri bellige almak maý aýynyň 18-den iýun aýynyň – 11-i aralygynda geçirildi.
Saýlawlarda dalaşgärleriň 9-sy hödürlenildi we bellige alyndy.
Has takygy:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 2-si,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 1-si,
Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 2-si,
Raýatlar toparlary tarapyndan bolsa 4-si.
Şeýlelikde, syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 5-si;
raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 4-si hödürlenildi.
Saýlawlarda bir orun üçin saýlaw okruglarynyň her birinde dalaşgärleriň 3-si bäsleşdi.
Saýlawlar gününden öň ses bermek 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan – 6-njy iýuly aralygynda, saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirildi we 3,99 % saýlawçy ses berdi.
Bu geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi hem bellärliklidir. Netijede, Aşgabat şäherinde saýlaw okruglarynyň 3–siniň çäginde ýaşaýan hasaba alnan 86 müň 641 saýlawçydan 79 müň 121 saýlawçy ýa-da saýlawçylaryň 91,32 göterimi ses bermäge gatnaşdy.
Has takygy:
09-00-da 17520, 20,22 %,
11-00-da 35770, 41,29 %,
13-00-da 54508, 62,91 %,
15-00-da 65942, 76,11 %,
17-00-da 74122, 85,55 %,
19-00-da 79121, 91,32 % göterim saýlawçy ses berdi.
Saýlawlara 18 ýaşy dolan ýaş saýlawçylaryň 1783-si gatnaşdy.
Ses berilýän jaýdan daşarda (saglyk ýagdaýy sebäpli) saýlawçylaryň 619-sy ses berdi.
Saýlaw uçastoklarynda ses bermek sagat 7-den 19-a çenli geçirildi. 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň 16-synda ýörite wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda onlaýn tertibinde ilata göni görkezildi.
Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamalaryna laýyklykda, 9 dalaşgäriň arasynda, ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň köplügini alan dalaşgärleriň 3-si Mejlisiň deputatlygyna saýlandy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlananlaryň üçüsi hem ýokary bilimli adamlardyr.
Saýlawlarda saýlananlaryň 33,33 % 30 ýaşa çenli, 33,33 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 33,33 % 50 ýaşdan uly adamlardyr.
Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda yzygiderli demokratik ýörelgelerimiz esasynda guramaçylykly geçirilýän saýlawlary mundan beýläk hem, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, hil taýdan ýokary derejede, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
Merkezi saýlaw topary.