CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

HALK MASLAHATY: DÖWLETLILIGIŇ KÄMIL NUSGASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýar. Geçilen menzillere ser salyp, öňde belent wezipeleri kesgitläp, bedew batly ösüşlere ýetmek indi ata Watanymyzda mynasyp ýörelgä öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda, 12-nji iýulda  geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde, demokratiýa, hukuk we döwletlilik ýaly özara sazlaşykly, biri-biriniň üstüni ýetirýän, berk sütünli, çuň manyly ýörelgelere daýanýan döwlet syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda esasy şertleriň we gymmatlyklaryň hatarynda halkyň we Watanyň birligi öňe çykýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem şol birligiň hakykat ýüzünde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek ugrunda ähmiýetli işleri amal edýär.

Aslynda-ha, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň baş maksady we esasy wezipesi «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynda bellenilşi ýaly, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadan-çylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwat-lanmagyna ýardam bermek bolup durýar.

Türkmenistan geçmişi şöhratly, şu güni beýik ösüşli, kuwwatly, geljegi berk binýatly döwlet. Bu beýik döwletde belent maksatlar, Watanyň, halkyň bähbidini araýan döwletli tutumlar durmuşa geçirilýär.

Häzirki taryhy döwrümizde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişe halka ýakyn bolup, «Halkyň ýoly — Hakyň ýoly» diýip, ykbalyny Watanyna, halkyna, milletine, onuň şu gününe we ertirine baglap, ýurtda uly işleri durmuşa geçirmek bilen bagly döwletli işleri halk bilen geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, döwletli çözgütleri çykarmak ýaly asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygyna aýdyň göz ýetirýäris.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlete, halka dahylly belent maksatlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Munuň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet  diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň esasynda amala  aşyrylýan düýpli özgertmeleriň her bir raýatyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigine aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly, ynsanperwer we demokratik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde döwletimiziň demokratik esaslary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda berkidilýär. Halk häkimiýetini pugtalandyrmaga ýardam edýän jemgyýetiň syýasy ulgamy barha kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär.

Umuman aýdanymyzda, ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleriniň öňüsyrasynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, Maslahat köşgünde geçiriljek döwletli Maslahatda täze taryhy döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek,  şeýle-de, ýurdumyzyň ählumumy ösüşlerini mundan beýläk hem ilerletmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak barada, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gatnaşjak jemgyýetçilik wekilleri bilen maslahatlaşyp, il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlar we döwletli çözgütler kabul ediler.

Merjen paýtagtymyzda agzybirlikde geçiriljek bu döwletli Maslahat, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň – diýen, ruhuňy belende göterýän dürdäne setirleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki dabaralanmasy bolar.

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.