«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýär. Ulus ilimizi baky bagtyýarlyga beslän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Ine, ýene-de baýramlaryň naýbaşysy – Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Halkymyzyň garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna 33 ýyl doldy. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şu mynasybetli Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Bu barada hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir» diýip belleýär.
Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşiginde garaşsyz, özygtyýarly we hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Milletler Bileleşiginde özüniň mynasyp ornuny eýeledi. Ýurdumyzyň parahatçylyga, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Taryhy maglumatlardan bilşimiz ýaly, täze türkmen döwletiniň gurlup başlanmagy 1990-njy ýylyň 22-nji awgustyndan başlandy. Bu günde Türkmenistanyň Döwlet özygtyýarlygy hakynda Jarnama kabul edildi. Jarnamada ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly we garaşsyz agzasy bolýandygy beýan edilip, ýurduň bütin çäginde döwlet häkimiýetiniň hökmürowanlygy, özbaşdaklygy, doly ygtyýarlylygy, mizemezligi, halkara gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygy we deňhukuklylygy hökmünde ýurduň döwlet özygtyýarlylygynyň jar edilýändigi kesgitlendi. Şeýlelikde, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde dünýäniň kartasynda Türkmenistan atly döwlet peýda boldy. Magtymguly Pyragy ýaly beýik türkmen şahsyýetleriniň özbaşdak, garaşsyz, berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlary hasyl boldy.
Garaşsyz ýurdumyzda her bir ynsanyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, Garaşsyzlygymyzy has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokary götermek ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz içeri we daşary syýasatyny amala aşyrmak bilen uly üstünlikleri gazandy, türkmen halkynyň ady bütin dünýä ýaýyldy.
Häzirki wagtda dünýäniň ählumumy meseleleriniň toplumyna parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi degişli etmek bolar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bir hatarda, durnukly ösüşi üpjün etmeklige aýratyn uly üns berýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýan Türkmenistan bu babatda BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny» hem belläp geçmek möhümdir. Ine, şeýle uly ösüşlere hem-de özgertmelere beslenen Diýarymyzda bu gün taryh üçin uly bolmadyk döwürde gazanylan beýik üstünlikleri bilen Garaşsyzlyk baýramy bellenilýär. Türkmenistan döwletimiziň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan oňlanylýar we ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Bütin dünýäde ykrar edilen, Milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen halkara giňişliginde belent mertebä eýe bolan ýurdumyz bütin adamzadyň ykbalyna dahylly işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa öz nobatynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň agentlikleri bilen ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we bu babatda oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna güwä geçýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baş baýramy – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de agzybir türkmen halkymyzy gutlaýarys! Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!
Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.