CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

DÖWLETLI DÖWRANYŇ PAÝHAS MEKDEBI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýaşulular gününi milli aýratynlyklarymyza laýyklykda, halkara derejesinde belläp geçmeklik indi asylly däbe öwrüldi. Bu şanly senäni bütindünýä jemgyýetçiligi bolup belläp geçmeklik karary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bolup geçen 45-nji mejlisinde yglan edildi. Ata Watanymyzda hem Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, nesilleriň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan baýram hökmünde bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram – Ýaşulularyň halkara güni ýaşuly nesillerimiziň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýyp, eziz Diýarymyza bolan çäksiz buýsanjy has-da artdyrýar.

Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen halky hakynda söhbet edeniňde, bada-bat biziň döwrümize çenli gelip ýeten ajaýyp däp-dessurlar, edim-gylymlar göz öňüňe gelýär. Bularyň ählisi hakynda gürrüň edip çykmak asla mümkin däl. Dokuzy düzüw türkmeniň öýleriniň gelşigi, toýlarynyň ýaraşygy aksakgallarymyz, ene-mamalarymyz dogrusynda gürrüň etmek gyzykly hem ýakymly. Ýüz-gözlerinden nur dökülip duran, akyl-paýhasdan ýüki ýetik, salyhatly türkmen gojalary türkmeniň gadymdan bäri aýratyn eý görüp, sarpalap gelýän ynsanlary bolupdyrlar. Türkmen kalbyna mahsus pähimdarlygy, myhmansöýerligi bilen ula-kiçä nusga bolup, gündelik durmuşda pähim-paýhasy bilen hemaýatçy bolup ýören ýaşulularymyz barasynda söz açmaly bolanda, Görogly begiň atasy Jygaly beg göz öňüňe gelýär. Çar dagly Çandybile soltanlyk eden Jygaly begiň iň gowy häsiýetleriniň biri-de toý-sadakalarymyzda häli-şindi dilden düşmän gelýän myhmansöýerlik däbine ägirt uly sarpa goýanlygydyr.

Garaşsyzlyk ýyllary ýaşuly nesliň wekilleriniň at-abraýyny arşa galdyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanyp, onuň işine işeňňir gatnaşyp gelýän ýaşulularymyzyň atlary dillerimizde dessana öwrüldi. Her bir işde ýaşula sala salmak, olaryň ak patasyny almak, olar bilen maslahat etmek däbi külli türkmen halky tarapyndan ýörelge edilip gelinýär.

Bular hakynda gürrüň açylanda, Magtymguly Pyragynyň:

Ne ajap döwranlar süren,
Ýagşy-ýaman baryn gören,
Bizler bilen hemra bolan,
Aksakgallar bak, danadyr – diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär.

Danalykda belli aksakgal gojalarymyz, ene-mamalarymyz Garaşsyz döwletimizde, döwrümiziň beren ajaýyp miweleriniň hözirini görüp, bu günki bagtly durmuşa buýsanýarlar. Geçen urşuň weteranlary, ýanýoldaşlary uruşdan gelmän, häli-häzirlerem ýar ojagyny saklap oturan kümüş saçly enelerimiz geçirilýän çärelere, dabaralara çagyrylýar. Olar şonda ýaşlara watansöýüjilik, halallyk, mertlik we türkmeniň häsiýetine mahsus bolan beýleki ynsanperwerlik nusgalaryny sargyt edýärler.

Döwletimizde her ýylda Ýaşulularyň halkara gününiň uly dabara bilen bellenilip geçilmegi, il sylagly ýaşululara «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, ýaşuly nesilleriň Käbä gidip, haj parzyny berjaý edip gelmegi bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşululara goýulýan ummasyz uly  sarpanyň aýdyň mysalydyr. Ýurduň, jemgyýetiň durmuşynda ýaşulularyň öz  orny bar. Çünki, olaryň ömür ýoly durmuş mekdebidir. Türkmençilikde il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwlet tarapyndan aýratyn alada, gyzgyn mähir bilen gurşalýar.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy, ileri tutulýan ugrudyr. Bu ugurda her bir raýatyň, aýratyn-da, durmuş mekdebini geçen pähim-paýhasly ýaşuly nesillerimiziň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmaga uly orun berýäris»  diýip, örän jaýdar belleýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet Garaşsyzlygymyzyň häzirki ajaýyp zamanasynda halkymyzyň «Garryly öý — gazna», «Garry — öýüň sütüni», «Ýigit — söweşde, garry — geňeşde» ýaly milli paýhasyny sagdyn akaba salyp, çasly akdyrdy, oňa täzeden egsilmez güýç-kuwwat berdi, milletimiziň gany bilen aýlanyp, teniniň kuwwat çeşmesine öwrülen ol äpet güýç silini halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine öwürdi. Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna «Halkara ýaşulular gününiň» girizilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Täze döwrümiziň her bir güni şanly wakalar bilen şöhratlandyrylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi.

Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzy, döredijilik başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde hem belent hormata mynasyp paýhasly ýaşulularymyz biziň daýanjymyzdyr. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan asylly işlerimize, beýik başlangyçlarymyza, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň häzirki ajaýyp zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda özleri hakdaky üns-aladalaryň has güýçlendirilendigine ýaşulularymyz diýseň buýsanýarlar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar.

 

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.