CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

MUKADDESLIGE SARPA!

Berkarar döwletimizde türkmen halky, ata-babalarymyzdan miras galan däplere eýerip, adalatly, ynsanperwer, asylly işleri amala aşyrýar.

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Türkmen halkymyz milli däp-dessurlara laýyklykda, bu pajygaly senäni Hatyra güni hökmünde belläp, özüniň öten-geçen ýakynlaryny we hossarlaryny hatyralaýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçilýär.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy Watana bolan beýik söýginiň nyşany bolup, bu toplum gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna we edermenligine häzirki nesilleriň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurduň gahrymanlaryny hatyralamak ata-babalarymyzyň çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Ol pajygaly günler barada, gör, näçe eserler, şygyrlar, aýdym-sazlar, sungat eserleri döredildi. Şol eserler bilen tanyşan islendik adamyň ruhy dünýäsinde şeýle kynçylyklardan baş alyp çykan il-günüňe bolan buýsanç döreýär. Eserleriň içinde ýaşap ýörkäň gözüňe ýaş aýlanyny özüňem duýman galýarsyň. Soňra bolsa şeýle pikir seriňe dolýar: gör, biziň niçik mert, gaýduwsyz halkymyz bar. Olar pajygaly günlerde hem ruhdan düşmändirler. Özleri görmese-de, nesilleriň bagtyýar günleri görjekdiklerine ynanyp ýaşapdyrlar.

Biz ata-babalarymyzyň arzuwlan giden zamanasynda ýaşaýarys. Şonuň üçin hem bu bagtyýar günleriň gadyr-gymmatyny bilip, Watanymyza, il-günümize hyzmat etmegimiz gerek.

Häzirki wagtda - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabada seýil edeniňde, onuň bir wagtlar şeýle pajygaly wakany-elhenç ýer titremäni başyndan geçirip, ýer bilen ýegsan bolanlygyna ynanar ýaly däl.

Bu wakadan soňra paýtagtymyz we onuň töweregindäki ilatly ýerler dikeldilip başlanýar. Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny almagy bilen bolsa, bu ýerler täze görke eýe boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz - Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabat hem-de welaýatlarymyz, etraplarymyz, şäherlerimiz, obalarymyz täze özgerişlere beslendi. Gurulýan binalar, köp sanly desgalar, dürli maksatly jaýlar, medeni-dynç alyş zolaklary, seýilgähler, suw çüwdürimleri döwrebap binagärçilik gurluşy bilen özüne maýyl edýär.

Aşgabat ak mermere beslenen şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu gün merjen şäherimiz Aşgabat dürli maksatly duşuşyklaryň, sergileriň, medeni we sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Bu günki nesiller ata-babalaryny ýatlap, olaryň sarpasyny belentde saklaýarlar. Her bir köňülde şol pajygaly günleri başlaryndan geçirip, durmuş synaglarynyň öňünde hiç peselmedik ata-babalaryna bolan uly buýsanç, baky hatyra bar. Sebäp diýseň, biziň şeýle ajaýyp günleri görmegimiz, parahat durmuşda ýaşamagymyz üçin olar kynçylyklara döz gelipdiler.

Watanymyz başymyzyň täjidir! Ol iň beýik gymmatlykdyr we oňa hyzmat etmek bagtdyr. Her bir türkmen perzendiniň kalbynda Watan iň bir mukaddes düşünje hökmünde kemala gelendir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen hem geçýän şanly wakalary, gazanylan üstünlikleri, amala aşyrylan oňyn özgertmeleri birin-birin sanap geçmek mümkin däl. Ata Watanymyzyň her bir güni, her bir aýy buýsandyryjy wakalar bilen baýlaşýar.

Il-ýurduna şeýle buýsandyryjy pursatlary bagyş edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan çäksiz alkyşlaryň bolsa yzy üzülenok.

Beýik geçmişimizi, ata-babalarymyzy hatyralap, bimöçber işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyna aýdylýan alkyşlar hemişe ýaňlanyp dursun. Mundan beýläk hem her bir ojakda diňe çaga gülkisi, raýatlaryň bagtyýar sesi eşidilsin!

Goý, beýik Biribar Hatyra gününde okaljak ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!

 

Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.