CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

Täze döredilen uçastok saýlaw toparlary: jemler, sanlar

Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmek barada edýän taýsyz tagallalary, ýardamlary esasynda ýurdumyzda beýleki ähli ulgamlar bilen birlikde, saýlaw ulgamy hem kämilleşýär. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler hem-de bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmekde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän beýleki saýlaw toparlary bilen birlikde uçastok saýlaw toparlarynyň işjeň agzalarynyň hem mynasyp ornunyň bardygyny bellemek ýerliklidir.

Mälim bolşy ýaly,  Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhleti tamamlandy. Şol sebäpli, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag  şäherinde etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlaryny döretmek we olaryň agzalaryny täze möhlete saýlamak işleri guramaçylykly amala aşyryldy. Bu çäreleriň kanuna laýyklykda we bellenilen möhletlerde amala aşyrylandygyny belläp geçsek ýerlikli bolar.  

Uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.

Bilşimiz ýaly, uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5-15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatynda iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde hem döredilip bilner.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi.

Has takygy, ýurdumyz boýunça 17624 adam agzalyga hödürlendi.  

— Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 4409;

— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 305;

  • Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 1740;

— Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan 4863;

— Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan 1722;

— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan 3073, raýatlar toparlary tarapyndan bolsa 1512 adam uçastok saýlaw toparlarynyň agzalygyna hödürlenildi.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda saýlawlar bilen bagly çäreleriň syýasy köpdürlülik, ýagny köppartiýalylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigi bellärliklidir. 

 

Häzirki güne çenli ýurdumyzyň çäginde saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, saýlaw uçastoklarynyň jemi: 2597-si hereket edýär. Şol saýlaw uçastoklarynda, uçastok saýlaw toparlarynyň  17624 agzasy bar. Has anygy,

— Ahal welaýatyndaky 362 saýlaw uçastogynda 2087;

— Balkan welaýatyndaky 272 saýlaw uçastogynda 1585;

— Daşoguz welaýatyndaky 536 saýlaw uçastogynda 3388;

— Lebap welaýatyndaky 564 saýlaw uçastogynda 3671;

— Mary welaýatyndaky 550 saýlaw uçastogynda 4114;

— Aşgabat şäherindäki 312 saýlaw uçastogynda 2772;

— Arkadag şäherindäki 1 saýlaw uçastogynda 7 agza bar.

Uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarpyndan hödürlenip, saýlanan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň arasynda dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, dürli ulgamlarda zähmet çekýän hem-de Türkmenistanda agzybir ýaşaýan dürli milletlerden ybarat wekilleriň, şeýle-de zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolmagy, ýurdumyzda bir maksada, ýagny diňe il-ýurt bähbidine eýerýän syýasy köpdürlüligiň kemala gelendigini aýdyň görkezýär.

Ýurdumyz boýunça täze saýlanan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 47,93 % zenanlardyr. Bilimi boýunça 57,34 % ýokary, 28, 54 % ýörite orta, 14,12 % orta bilimli adamlardyr. Şeýle hem agzalaryň 30,20 göteriminiň ýaşynyň 30-dan 35-e çenlidigini bellemek ýerliklidir, munuň özi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ýaş nesliň wekilleriniň işjeň goşulýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Täze saýlanylan agzalaryň arasynda milli ykdysadyýetimiziň senagat, ylym, bilim, medeniýet we sungat, durmuş üpjünçiligi, maliýe we ykdysadyýet pudaklarynda zähmet çekýän başarjaň, guramaçy hünärmenler we oba hojalyk işgärleri bar. Şolaryň 72,91 % gowragy ylym, bilim ulgamynda işleýan raýatlarymyzdyr. Şeýle hem ýurdumyzda agzybir ýaşaýan dürli milletleriň, has takygy: türkmen, rus, özbek, gazak, uýgur, azerbaýjan, ermeni milletleriniň  wekilleri  hem  bar. Bu  bolsa olaryň öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek saýlawlara işjeň gatnaşjakdyklaryny aňladýar.

 

Merkezi saýlaw topary