CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

ONUŇ ALYJENABY MAGTYMGULY PYRAGY

Şan-şöhraty ýedi yklymda meşhur we Oguz nesli bolan hoşniýetli türkmen halkynyň at-abraýyny belende göteren beýik şahsyýetlere uly sarpa goýmak biziň ynsanperwer ata-babalarymyzdan bäri nesilme-nesil dowam edip gelýän asylly däbimizdir.

Şol beýik şahsyýetleriň biri hem özüniň umman ýaly giň, çuň many-mazmunly we syrly döredijilik ýoly bilen dünýä edebiýatynyň gymmatly hazynasyna ägirt uly hem-de baky öçmejek goşant goşan, şygryýet äleminiň mähek daşy, göwher gaşy, onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragydyr.

Hakdan içen ylahy zehinli beýik şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, garaşsyzlyk, adalatlylyk, edep-ekram ýaly başga-da ençeme taglymatlary wagyz-ündew edýän ajaýyp döredijilik ýoly türkmen halkynyň parahatsöýüjilige we ynsanperwerlige eýerýän hoşniýetli ruhy dünýäsiniň çeper eserlerdäki beýanydyr. Diýmek, nusgawy şahyryň beýikligi – türkmen halkynyň beýikligidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyjy esasynda dana şahyrymyzyň abraý-mertebesiniň şeýlekin ýokary derejelere çykarylandygyny, hususan-da 2024-nji ýylyň onuň adynyň iň bir şan-şöhrata beslenen ýyl bolandygyny buýsanç bilen aýtmak gerek.

Ozaly bilen 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi we bu ýylyň mynasyp nyşany tassyklanyldy, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy şu ýylyň şygarynyň waspnamasyna öwrüldi, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi we bu medal söýgüli şahyrymyza uly sylag-sarpa goýulýandygynyň nyşany boldy.     

Üsti ala garly Köpetdagyň eteginde şahyryň hormatyna bina edilen – örboýuna galan äpet heýkeliniň açylyş çäresi halkara derejesinde we dabaraly ýagdaýda geçirildi. Kaşaň heýkeliň golaýyndaky bahar pasly deýin al-ýaşyl bagy-bossanlyga bürenip oturan «Magtymguly» seýilgähinde bolsa, dünýäniň dürli döwürlerdäki meşhur ýazyjydyr şahyrlarynyň heýkelleriniň bina edilmegi, biziň ýurdumyzda döredijilik adamlaryna uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär.  

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döwlet derejesinde we uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi, gözel paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi, şeýle-de şahyryň goşgular ýygyndysy ýadygärlik we sowgatlyk kitap edilip, türkmen dilinde hem-de dünýäniň ençeme döwletleriniň diline terjime edilip we çap edilip, şol döwletleriň jemgyýetçilik köpçüligine sowgat berildi.

Şonuň ýaly-da dostlukly döwletlerimiziň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkeli bina edilip, onuň açylyş çäresi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Mundan başga-da, ýurdumyzda we dostlukly döwletlerimizde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär.   

Şeýlelikde bolsa, söz ussadynyň beýikligi bilen Garaşsyz, Bitarap döwletli agzybir halkymyz beýgeldi, biz onuň şan-şöhratyna şärik bolduk.

Arada maşgalamyz bilen şahyryň Köpetdagyň etegindäki äpet heýkeline aýlanmaga bardyk we biz ol mukaddes ýerde şatlykly duýgulary başdan geçirdik. Onuň beýik şahyrdygyny şöhlelendirip duran beýik heýkele ýakynlaşdygymyzça bizi täsin we guwançly duýgular gaplap aldy. Heýkeliň ýanyna baranymyzda bolsa, şeýlekin beýik mertebeli milli şahyry bolan halkyň neslidigimize diýseň buýsandyk.

Heýkele tarap ýöräp barýarkak, beýleki barýan adamlara gözümiz düşende, olaryň eýýäm bärden barýarkalar şahyryň bina bolan kaşaň keşbine daşdanam yhlasly nazar bilen höwesli garaýandyklaryna, onuň ýanyna tiziräk ýetmäge howlukýandyklaryna, ýanyna baryp, heýkeli uly buýsanç, mähir we kanagatlanma bilen synlaýandyklaryna ünsümiz çekildi.

Ol ýerdäki heýkeliň hem-de onuň daş-töwereginiň gijeki nurana yşykly keşbiniň merjen şäherimiziň gijeki gözelligi bilen sazlaşygyny ýakymly duýgularyň täsirinde synlap, biz täze bir täsin dünýä düşen ýaly bolduk we esli wagtlap ol tämiz howaly ýerden gaýdasymyzam gelmedi. Şol pursatlarda biz hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen gurlan bu ajaýyp heýkeliň nurana keşbinde özüne çekiji aýratyn bir gudratly we täsin ruhy güýjüň bardygynyň şaýady bolduk.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşan Prezidentler, daşary ýurtly raýatlar umumadamzat şahyryna uly sarpa goýmak bilen, ol barada örän öwgüli pikirleri aýtdylar, bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» diýen jümlesiniň diýseň jaýdar edilip aýdylan setirdiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmen edebiýatynyň dilini halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren akyldar şahyryň gyzyldan gymmatly we bakylyga öwrülen döredijilik mirasy indi her bir mukaddes türkmen ojagynyň töründe orun tutup, onuň arzuwlarynyň hem-de halkyň agzybirliginiň ähli zatdan gymmatly bolan uly güýçdügi baradaky paýhasly taglymatlarynyň hasyl bolýan zamanasynda aýdym bolup, joşgunly ýaňlanyp, parahat ýurdumyzyň merdana halkyny, şol sanda ýaş nesilini täze üstünliklere ruhlandyrýar.  

Mukaddes ata Watanyňy, halkyňy, beýik şahsyýetlerimizi söýmekde bize nusga bolýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň  janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.