CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

HASYL TOÝY — BEREKET-BOLÇULYGYŇ BAÝRAMY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda zähmetkeş daýhanlarymyz tarapyndan ak altynyň, azyklyk bugdaýyň we gök, miwe, bakja önümleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Öz topragymyzda ýetişdirilen önümler toýlarymyzyň bereketli desserhanyny bezeýär.

Toýlary toýa ulaşýan asuda, parahat Watanymyzda şatlyk-şowhun bilen giňden bellenilýän baýramlaryň biri-de Hasyl toýudyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ata-babalarymyzyň «Ýazky hereket — güýzki bereket» diýen pähimine eýerip, her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde toýlanylýan Hasyl toýuna babadaýhanlarymyz halal zähmetleriniň netijesi bolan bol hasyl bilen gelýärler.

Türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp toýda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadanlygy öz beýanyny tapýar.

Ýeri gelende, häzirki taryhy döwrümizde obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň çäginde täzeçil usullary hem-de innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netijä eýedigini bellemek ýakymlydyr. Ilkinji nobatda bolsa, oba hojalygynda mehanizmleşdirilen işleriň sanly tehnologiýalar we telematik ulgam arkaly alnyp barylýandygydyr.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oba hojalyk syýasaty we döwletimiziň berýän goldaw-hemaýaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalykçy agzalary bilen birlikde, daýhan hojalyklarynyň-da ekinleri ösdürip ýetişdirmekleri üçin täze bir badalga öwrüldi.

Netijede, bu günki gün bereketli topragymyzda nusgawy şahyrymyz Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» diýen şygrynda «Otuz iki tohumnyň şasydyryn men» diýip, özüni ekinleriň iň ähmiýetlisi hasaplaýan gowaçadan başga-da däneli ekinleriň, bakja önümleriniň, miweleriň ýüzlerçe görnüşleri we limon, hurma, zeýtun, hatda banan ýaly agaçlar-da ösdürilip ýetişdirilýär.

Bu bolsa oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň artmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta iberilýän önümleri öndürmäge uly ýardam edýär.

Umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragy özüniň «Bolmasa» atly dürdäne goşgusynda:

«Adam doýmaz berseň müň dürli aşy,

Saçagyňda bugdaý nanyň bolmasa» – diýip, danalyk bilen bugdaýa uly hormat goýupdyr. Şu ýylda gallaçylarymyz 690 müň gektardan dokmaňyz ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny almagy başardylar.

Mukaddes ata Watanymyzda şu ýylyň 10-njy noýabrynda agzybirlikde bellenilýän Hasyl toýy hem babadaýhanlarymyzyň özleriniň tutanýerli we halal zähmetleri bilen ene toprakdan öndüren bereketli hasyllarynyň güneşli diýarymyzda azyk bolçulygyny döredýändiginiň aýdyň subutnamasy bolar.

Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, işlemegi, okamagy, döretmegi, ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada uly aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hasyl toýuňyz gutly-mübärek bolsun, eziz watandaşlar!

 

Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.