CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HOŞNIÝETLI DAŞARY SYÝASATY DABARALANÝAR

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, Garaşsyzlygyny alan gününden bäri geçen 33 ýylyň dowamynda netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýar. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasy döredi. 

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasaty esasynda döwletimiziň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň hem-de tagallalary jebisleşdirmek bilen gatnaşmagy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen oňyn halkara dialogyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» işlenip düzüldi we kabul edildi. Bu Konsepsiýa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan daşary syýasat strategiýasynyň logiki dowamyna öwrüldi. Resminamada häzirki zaman dünýä syýasatynyň ösüşiniň esasy meýilleri hem-de ýurdumyzyň ondan gelip çykýan dünýä we sebit derejesindäki ileri tutýan ugurlary beýan edilýär. Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:

- halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek;

- dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny güýçlendirmek;

- halkara gatnaşyklary ulgamynda döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramak.

Türkmen halkynyň at-abraýyny halkara derejede belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara ýol salan dowamatydyr. Bitaraplyk pähimdar pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak ýaly gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar» diýip, öňdengörüjilik bilen belleýär.

Türkmenistan gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet we ylalaşdyryjy merkez hökmünde özüni tanatdy, bu batda bitiren hyzmatlary bilen ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterildi.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iyunyndaky Kararnamalarynyň iki gezek kabul edilmegi bolsa, döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem, dürli yklymlaryň ýurtlary üçin hem örän peýdalydyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ynsanperwer ugry, ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna öňe sürýän netijeli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Elbetde, Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrylýan umumadamzat ähmiýetli işleriň çäklerinde, ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem parahatsöýüjilikli türkmen Bitaraplygynyň, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň dabaralanmasydyr.

Yşk mülküniň şasy hökmünde tanalýan meşhur Mollanepes şahyryň:

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Ol birine gep berip, ol birine al berme –

diýen ajaýyp setirleri hem ata-babalarymyzyň bir eýýämden bäri durmuş ýörelgesine öwrülen parahatsöýüjilik pelsepesidir.

Bütin halkymyz ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly toýuny uly dabaralar bilen şatlyk-şowhuna besläp belleýär. Çünki, ýurdumyzyň baky Bitaraplyk derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup, kalplarymyza buýsanç bagyşlaýar.

Asuda, parahat ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we bu babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Aman Amanow
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.