Her ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä halklarynyň arasynda giňden bellenilip geçilýän Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary biziň ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan dabaralarda dost-doganlykdyr parahatsöýüjilik has-da giňden wasp edilýär. Türkmen halkynyň geçmiş taryhyna nazar aýlanyňda, bitaraplyk düşünjesiniň ata-babalarymyzyň milli mirasyna, ýol-ýörelgelerine siňendigini görmek bolýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mizemez gymmatlygymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin, gülleýän durmuşy berdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän eýýamynda — Berkarar döwletiň täzeeýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dostluk-doganlygynyň gerimini giňeldýär.
Türkmen halky üçin buýsançly seneleriň biri bolan 12-nji dekabr, ýagny, hemişelik Bitaraplyk güni milli senenamamyza altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Biziň üçin bitaraplyk diňe bir hukuk derejesi däldir. Munuň özi işjeň pozisiýany, ylalaşdyryjylyk arkaly halkara proseslerine giňden gatnaşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işläp taýýarlamakda ýardam bermegi aňladýar. Bu berk parahatçylygy, howpsuzlygy berkarar etmek, durnukly ösüş we progres üçin amatly şertleri döretmek maksadynda sebitde we onuň çäginden daşda bar bolan meseleleri çözmek üçin syýasy platformany bermekden hem ybaratdyr».
Türkmen Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, mazmuny boýunça oňyn, görnüşi boýunça hemişelik bolup durýar. Ýagny, Bitaraplyk hukuk derejesi gelip çykyşy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda ýeke-täk tejribe bolan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýalary bilen tassyklanyldy. Mazmuny boýunça ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda alyp barýan işjeň meýillerini öz içine alýar.
Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň adamzadyň durnukly ösüşine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary rowaç alýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda: «Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýäris. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi hem Bitaraplygymyzyň bütin dünýä üçin nusgalykdygyny subut edýär» diýip belledi. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, halkara hukugyň ýörelgelerini, ynsanperwerligiň aýdyň maksatlaryny, adalatlylygy, birek-birege hormat goýmagy ykrar etmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de uly işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny alamatlandyrýar. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini çözmekde BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu iri wekilçilikli halkara düzüm bilen gatnaşyklarynyň barha giň gerim alýandygyny dünýä ýaýýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlary, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalan-dyrmak ugrundaky maksatlary bütin dünýäde goldanylýar.
Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrylýan umumadamzat ähmiýetli işleriň çäklerinde, ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata-Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli nusgalarynyň taýýarlanmagy babatda täze mümkinçiliklere uly itergi berýär.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 2-sine Türkmenistanyň Bitaraplygyny geosyýasy deňagramlylygyň hem-de durnuklylygyň görkezijisi hökmünde ykrar etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda dekabr aýynyň 12-si «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi.
Dünýä jemgyýetçiligi milli bähbitlerimiziň, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna esaslanýan ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň saýlap alan daşary syýasat ugry halkymyzyň milliligi, taryhy hem-de medeni däpleri, ýurdumyzyň geostrategik we ykdysady kuwwaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde diňe bir Aziýa yklymynda däl, eýsem bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalanmagyna saldamly goşant goşýar. Aşgabatda Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň parahatçylygy söýüji Bitaraplyk derejesine ygrarlydygynyň mysalydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine itergi berdi. Paýtagtymyz — günsaýyn gözelleşýän Aşgabat şäherimiz bolsa, sebit we dünýä derejesinde gepleşikler geçirilýän merkeze öwrüldi.
Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şonuň üçin hem dünýäniň dürli künjeklerinden hoş habarlar gelip gowuşýar. Eziz Diýarymyzyň dünýäde belent abraýa eýe bolmagy her bir ynsanyň kalbyny buýsanja besleýär. Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar oňyn netijesini hem berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady, medeni ösüşi ýokarlandyrmaga, demokratik gymmatlyklary artdyrmaga, raýat jemgyýetini mundan beýläkde pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda, türkmen jemgyýetinde adam iň ýokary gymmatlyk bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň baş ýörelgesi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatdyr. Şanly baýramlara beslenen eziz Watanymyz günbe-günden ösýär, gülleýär. Türkmen halky kalbynda bagtly we röwşen geljegimize bolan beýik ynam, ýüzlerinde nur, çäksiz ruhubelentlik bilen Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna barýar.
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwydyr, munuň şeýledigine Magtymguly Pyragynyň «Türkmen binasy» atly ajaýyp goşgusyndaky:
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy –
diýen many-mazmunly, dürdäne setirleri okanyňda doly göz ýetirýärsiň. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň synmaz sütüni bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-parasadyna ýugrulan tutumly işleri netijesinde halkymyzyň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan Bitaraplyk taglymaty has giň göwrümde ykrar bolýar. Şu ykrarnamanyň netijesi hökmünde halkymyzyň, döwletimiziň buýsançly, joşgunly, bagtyýar durmuşy eziz Arkadagymyzyň saýasynda ýyllardan ýyllara uzap gitsin.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzy abadan durmuşda, bagtyýar zamanada ýaşatmakda bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünliklere beslensin!
Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.