Toýlary toýa ulaşýan gadymy Oguz ilinde – asuda, parahat ýurdumyzda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly aýratyn taryhy wakalara baý we üstünlikli ýyllaryň biri bolup, şöhratly taryhymyzyň sahypalarynda öçmejek yz goýar.
Bu ýylda eziz diýarymyzyň abraý-mertebesi halkara derejesinde dünýä ýüzüne doldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji baştutanlygynda dünýäniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasy (BMG), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) ýaly, başga-da ençeme halkara guramalary bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Elbetde, bu gatnaşyklar saýlaw ulgamynda hem döwrebap derejede alnyp barylýar. Şol halkara gatnaşyklarynyň çäklerinde, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilen Prezident we Parlament saýlawlaryna hem-de forumlara gatnaşdylar. Has takygy:
– 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň;
– 2024-nji ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň wekilçilikli palatasynyň deputatlarynyň;
– 2024-nji ýylyň 15-17-nji martynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň;
– 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň;
– 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Kanun çykaryjy palatasy bolan Oliý Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna GDA agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde halkara synçy hökmünde gatnaşyp, şol döwletleriň saýlaw ulgamynyň işi babatynda tejribe alyşdylar.
Şeýle-de, öňde agzalan Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn etmegiň meýilnamasynyň çäklerinde, 15-16-njy martda geçirilen «Elektoral garaşsyzlyk we halkara standartlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.
Şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda bolsa, Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen Halkara elektoral – saýlaw tejribeleri boýunça foruma gatnaşyp, ýurdumyzyň saýlaw ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik hukuk özgertmeleri barada çykyş etdiler.
Aslyýetinde, dünýäni görmek, syýahat etmek biziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem arzuwy bolandygyny onuň «Bady-sabany görsem» atly goşgusyndaky:
«Ýedi dag, ýedi derýa, –
Däli dünýäni görsem» diýen dürdäne setirlerinden hem bilmek bolýar.
Halkara hyzmatdaşlygynyň çygrynda we saýlawlar babatynda ýurdumyzda-da birnäçe çäreler geçirildi. Muňa mysal edip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda 2024-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda geçirilen «Saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek» atly okuw maslahatyna gatnaşylandygyny bellemek gerek.
Şonuň ýaly-da, 2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Gender deňligini göz öňünde tutup, saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmekde halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw maslahatynyň hem geçirilendigini aýratyn aýtmak bolar.
Bellenilip geçilenler bilen birlikde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Aýdylyp geçilen bu halkara hyzmatdaşlyklary, şeýle hem amala aşyrylan beýleki çäreler ýurdumyzyň saýlaw ulgamynda üstünlikleriň gazanylýandygyny äşgär edýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň degişli işgärleriniň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy bolsa bizi täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Şeýlelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere, şanly wakalara beslenip, merdana, agzybir halkymyzyň ruhuny, Magtymguly atamyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini arşa göteren ýyllaryň biri bolup, taryha altyn harplar bilen ýazyldy.
Mukaddes ata Watanymyzy uly üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Ýetip gelýän Täze ýyl baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, mähriban ildeşler!
Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.