Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly baý taryhyny, baý medeni mirasyny, döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu meşhur eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Elbetde, kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak ýaly peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir. Çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Hakyda göwheri» atly bu ajaýyp kitabyň neşir edilip, çapdan çykmagy bütin türkmen halkymyzy diýseň buýsandyrdy we ýurdumyzda uly seslenmä eýe boldy.
Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap Milli Liderimiziň ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Bu ajaýyp kitap söze, saza, kitaba sarpa goýýan halkymyzyň gymmatly ruhy çeşmesine öwrüler. Kitabyň her bir setiri dür däneleri ýaly gymmatly, her bir sözi halkymyz üçin durmuş mekdebidir, parasatly ýol-ýörelgedir. Onda dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan uly goşandy baradaky maglumatlar baý many-mazmun bilen beýan edilýär.
Şeýle-de, «Hakyda göwheri» atly täze kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr.
Geçmiş taryhymyzda öçmejek yz goýan Margiana, Beýik Seljukly Türkmen döwleti, Parfiýa, Gadymy Änew medeniýetlerine degişli maglumatlar ýazylan, iki sany, ýagny: «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» atly iki bapdan ybarat bolan eseriň birinji babynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen şöhratly taryhymyz, dünýä jahankeşdelerini, syýahatçylary haýran galdyrýan binagärlik aýratynlygy boýunça tapawutlanýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gyzykly maglumatlar gürrüň berilýär. Kitabyň ikinji babynda bolsa milletimize mahsus gymmatlyklar barada gürrüň berilmegi milli mirasymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Dogrusy, bu eser gadymy Oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir.
Türkmeniň ruhy dünýäsiniň gözbaşynda oguz ýörelgeleriniň bardygy, oguz öwütlerine türkmen bolup düşünmelidigi bellenilip, bu egsilmez mirasy açmak, özleşdirmek bilen bagly meseleler örän täsirli beýan edilýär.
Milli Liderimiz täze kitabynda milli ýol-ýörelgelerimize, taryhymyzda ýaşap geçen, öz döredijiligi, pähim-parasady bilen halkyň aňyna siňen beýik şahsyýetlerimiz hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy bilen ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şeýle gymmatly eserleriň höwrüniň köp bolmagyny, milli mirasymyza, türkmen halkynyň beýik şahsyýetlerine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt, döwlet ähmiýetli beýik tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!
Bägül Hojaýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Ahal welaýaty boýunça iş ýöredijisi.