CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

WATAN GORAGYNYŇ MUKADDESLIGI

Dünýäde dost-doganlygy, parahatçylygy öňe sürýän asuda, parahat diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni toý-dabaralar, uly ruhubelentlik, agzybirlik bilen bellenilýär. Bu hünär baýramy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň alyp barýan asylly işlerine goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.

Baýramçylyk mynasybetli, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda demokratik döwletimiziň ähli künjeklerinde guralýan dabaraly çäreler bolsa, adalatly durmuşda eşretli ömür sürýän külli türkmen ähliniň watançylyk buýsanjyny has-da belende göterýär.

Elbetde, ýüreklerimiziň töründe ömürlik orun tutan Watan sözi her bir Türkmenistanly üçin iň mukaddes düşünjedir, ol biziň üçin ezizdir, mähremdir, gözümiziň göreji deý gymmatlydyr. Güneşli ülkämiziň islendik künjeginde bolan wagtymyzda şu topragyň ylahy hem-de nurana mährini duýýarsyň, munuň özi biziň kalbymyza egsilmez ruhy güýç, şatlyk eçilýär. Öz önüp-ösen mähriban ülkäň ornuny başga hiç bir ýer tutup bilmez, çünki ýüregimiz, süňňümiz ata Watanymyzda hemişelik ornaşandyr. Ene toprak bolsa ömrümiziň bezegidir, many-mazmunydyr.

Halk hem Watanyň synmaz sütünidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryny döredip, öz halkynyň mertebesini arşa galdyrdy. Erkana ýurdumyzyň edermen Watan goragçylary-da «Eziz Türkmenistan ata Watanym, Gurban bolsun saňa bu janym-tenim» diýip, harby kasama wepaly bolup, Watan gymmatyna bolan täsin söýgiň nusgasyny görkezýärler.

Biziň Görogly deý gaýratly Watan goragçylarymyzyň ýiti gözli algyr bürgüt kimin çeýe, çalasyn hereketleri, dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusyndaky:

– Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,

Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,

Dagda-düzde kowsa, saýýatlar, diri –

Ala bilmez, ýolbars ogly, türkmeniň – diýen dürdäne setirleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki özboluşly beýany bolup, halkymyzyň watançylyk ruhuny galkyndyrýar.

Aslyýetinde, Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly ajaýyp kitaplarynyň hem bagtyýar nesillerimize watansöýüjiligi wagyz edýän dürdäne eserlerdigini buýsançly duýgular bilen bellemek gerek.

Beýik danalaryň, ata-babalarymyzyň bize galdyran miraslaryna ser salsak, ýurduňa, topragyňa bolan söýginiň, hormatyň kökleri gadymy taryhymyzyň jümmüşine uzap gidýär. Şöhratly taryhymyzyň beýik şahslary bolan Oguz han atamyzyň, Görogly begiň, Çagry begiň, Togrul begiň we beýleki taryhda yz goýan serkerdeleriň ýurt goragynda öz janlaryny orta goýup görkezen edermenlikleri biziň her birimiz üçin, şol sanda ýaş nesil üçin mertligiň mekdebidir.

Baýramçylyk günlerinde öz asylly zähmeti, göreldeli gullugy bilen halkymyza nusga bolan pederlerimizi, halypalarymyzy ýatlamak has-da ýakymly. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň pederi, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de göreldeli döwlet işgäri Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýollary hem bu günki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň, borjuňa wepalylygyň nusgasydyr.

Mälikguly aga hem manyly ömrüniň 26 ýyldan gowragyny içeri işler edaralarynda gulluk etmäge bagyşlady. Mälikguly aganyň Watanymyz üçin, halkymyzyň asuda durmuşy üçin halal, ak ýürekden çeken zähmeti, giň dünýä garaýşy, syýasy sowatlylygy Watan goragçylaryna görelde mekdebidir.

Görnükli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mert bolmaz» atly goşgusynda: «Eşit adam, dogan ilden, Gaýry mähriban ýurt bolmaz» diýip aýdyşy ýaly, dogrusy, Watan gymmaty iş saparlary bilen daşary ýurtlarda bolýan halatyňda has-da aýratyn duýulýar. Çünki, biziň süňňümiz eýýäm çaga wagtymyzdan bäri, mähirli ene hüwdüsi bilen şu ene toprakda müdimilik orun tutdy. Diýmek, öz ata Watanyň gymmatynyň, mukaddesliginiň, mähribanlygynyň ornuny hiç bir zat tutup bilmeýär. Asla, watansöýüjilik beýik Biribaryň kelamydyr hem-de şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan ylahy ruhy güýçdür, Watany yhlas bilen goramak bolsa biziň her birimiz üçin parzdyr.

Gahryman Arkadagymyz özüniň «Mertler Watany beýgeldýär» atly gymmatly kitabynda: «Eziz Watanymyzyň howpsuzlygy ähli zatdan ileridir. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri islendik döwürde Watanymyzy gala bolup goramaga taýýarlygymyzyň kuwwatly binýady bolmalydyr» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20-nji maddasynda bolsa: «Döwletiň özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri bardyr» diýlip kesgitlenilýär. Şundan hem görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri ýurt parahatçylygynyň ygtybarly goragynyň esasy daýanjy, eziz Watanymyzyň sarsmaz galasy, polat galkany bolup durýar.

Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň bosagasynda harby gullukçylar üçin aýdym-sazly dabaralar guralýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesinde — her ýylyň 27-nji ýanwarynda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni indi türkmen iliniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň mertebe baýramyna öwrüldi.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarydyr işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar, olara harby we ýörite atlar dakylýar hem-de hünär derejeleri berilýär. Watana söýgüsi, onuň goragy ugrunda yhlasly zähmeti göz öňünde tutulyp, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan merdana ýigitlerimiziň dogumly gadamlaryny synlanyňda, söýgä, mähre ýugrulan, uçganaklap duran gözlerini göreniňde, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek ýaly belent borjuň ýüreklere çaýýan nuruny aýan duýmak bolýar.

Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylaryň: «Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk edýärin» diýen wepalylyk kasamy olaryň her biriniň kalbynyň çuňlugyndan gaýdýar hem-de Watana hyzmat etmegiň beýik nusgasy bolup ýaňlanýar.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda merdana türkmen ili şatlykly wakalary başdan geçirip, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna watansöýüjilik, ruhubelentlik, üstünlikler hem-de belent maksatly uly tutumlar bilen barýar.

Mukaddes ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýän, agzybir halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.