Eziz diýarymyzda her ýylyň 18-nji fewralynda ruhubelentlikde, agzybirlikde bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine uly sarpa goýulýandygyny äşgär edýär.
Taryha ser salsaň, adamzat ösüşiniň häzirki döwrüne çenli «diplomat», ýagny «ilçi» diýen hormatly adyň wekilleriniň halkara gatnaşyklar ulgamynda uly ornunyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Aslyýetinde, hakyky diplomatiýa – ýaragsyz ýeňmek sungatydyr. Elbetde, diplomatik gullugyň maksady döwletiň daşary syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletiň, onuň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny hem bähbitlerini goramak bilen bagly resmi işi öz içine alýar.
Türkmen diplomatiýasy ýurduň daşary syýasatyny ýöretmekde möhüm orny eýeleýär. Ýurduň bähbitlerini berk goraýar, ýer ýüzünde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde uly tagallalary edýär. Türkmen diplomatlarymyzyň watançylyk söýgüsi, ýokary hünär ussatlygy, intellektual derejesi ülkämiziň halkara abraýyny we täsirini güýçlendirýär, sosial-ykdysady ösüş üçin amatly şertler döredýär.
Garaşsyzlygyň geçen taryhy döwründe halkara işlerde jedelli meseleleri we gapma-garşylyklary diplomatik usullar arkaly adalatly çözmäge ýardam bermek ýaly, üýtgewsiz ýörelgelere daýanýan türkmen diplomatiýasynyň gazanan üstünlikleriniň netijesinde Türkmenistanyň abraý-mertebesi barha beýgelýär. Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezine öwrüldi.
Parahatçylygy, ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde sebitde howpsuzlygy dörediji tagallalary, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak babatda zerur işleri ýerine ýetirýär. Bu bolsa hoşniýetli ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň durnuklylygyna goşýan uly goşandy bolup durýar.
Türkmen döwleti deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki wagtda döwletimiz dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar, 50-ä golaý halkara gurama agza bolup, halkara ylalaşyklardyr konwensiýalaryň hem 170-den gowragyna gatnaşýar.
Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hem-de işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, deňagramly hem-de birleşdiriji häsiýete eýe bolan global gün tertibiniň döredilmegine goşant goşýar.
Daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ygtybarly ulgamynyň kemala gelmegi, «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara üstaşyr ýollary döretmek we başga-da öňe sürýän başlangyçlarydyr teklipleri dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hem ylym-bilim ulgamydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagy we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamak üçin ýokary okuw mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda «Diplomatik protokoly» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň hem açylmagy halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde özüniň oňyn netijesini hem berdi.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary, konwensiýalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, öz syýasy, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Muňa dürli ulgamlarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen Kararnamalary hem aýdyň mysaldyr.
Esasan hem Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygy, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplygymyza möhüm orun degişlidir.
Dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy-da bahasyna ýetip bolmajak hazyna bolup, onuň şygyrlarynda adamzadyň gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk we döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Şahyryň edebi mirasy dünýä ösüşiniň özenidir. Häzirki wagtda akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejesinde dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini uly buýsanç bilen aýdyp bileris.
Asla, gündogaryň beýik şahyry Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserinde giňişleýin beýan edilýär.
Elbetde, öňde aýdylyp geçilenler Türkmenistanyň işjeň daşary syýasaty örän möhüm halkara meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmakda asuda, parahat ýurdumyzyň uly kuwwatynyň bardygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli, Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň birnäçe işgärlerine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşurylýar.
Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dabaralanmasydyr.
Mukaddes ata Watanymyzy uly üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.