CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

GÖZELLIGIŇ NURANA BAÝRAMY

Mukaddes ata Watanymyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şanly 2025-nji ýylyň seneleriniň her birine buýsanjyň artýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, toýlar toýa ulaşýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde tebigatyň oýanyp, gözelligi, ajaýyplygy bilen göwünlere ylham-joşgun paýlaýan döwründe giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenilýän 8-nji mart baýramy – Halkara zenanlar güni milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär.

Bitarap, parahat ýurdumyzda gelin-gyzlara, mährem enelere bolan hormaty özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralandyrylýar.

Aslyýetinde, mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn hormat bilen garamak, olaryň ajaýyp häsiýetlerini, gözelligini çeper wasp etmek müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli dessurymyzdyr.

Hut şonuň üçin-de, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne setirlerinde biziň görkana, hoşgylyk we mährem zenanlarymyzy dünýäniň ajaýyp gözelliklerine deňäpdir.

Elbetde, mukaddes öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzda önümçiligiň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekýärler Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Şeýle-de, ajaýyp öý bikeleri, mähriban eneler we ejeler bolan zenanlaryň milliligimizi, däp-dessurlarymyzy nesillerden-nesillere geçirmekde hem bahasyna ýetip bolmajak wajyp hyzmatlary bar.

Bu nurana baýramçylyk mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny ýüzlerine sylýan ýurdumyzyň ähli bagtyýar eneleriniň, gelin-gyzlarynyň, talyp we okuwçy gyzlarynyň, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlaryň begenjini-buýsanjyny görüp, ruhuň belende göterilýär.

Asuda ýurdumyzyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini we zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünliklerini, nazara alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlarymyzy «Zenan kalby» ordeni we beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, mähriban enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda nygtaýşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar güni bellenilende, türkmenistanlylar özleriniň mähriban enelerini, ejelerini, uýalaryny, wepaly ýanýoldaşlaryny bu baýram bilen ýürekden gutlaýarlar. Şonuň üçinem bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň bagtyýar zenanlary has-da üýtgeşik, ýakymly duýgulary başdan geçirýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar eneleri, gelinleri, gyzlary bolmak bagty bolsa şol ajaýyp duýgularyň özenini düzýär.

Dünýäniň durky, durmuşyň görki bolan mähriban zenanlar berkarar Watanymyzda uly hormatdan peýdalanýarlar. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň her bir raýaty bilen birlikde, zenanlaryň hem döredijilikli zähmet çekmekleri, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklary, maşgalada çaga terbiýesi bilen meşgullanmaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin döwlet derejesinde uly alada edilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, maşgalany, çagalygy we eneligi goldamak babatda hem ýurdumyz uly sepgitlere ýetdi. Bu ugurda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklar işjeň ýola goýulýar. 

Gelin-gyzlarymyzyň döreden, gözelligi, nepisligi, göreni haýrana goýýan halydyr keşdeleri, hüwdüleri, döwrümiziň belent mukamy bolup ýaňlanýan küştdepdileri milli we medeni baýlygymyzdyr. Bu baýlyklarymyzyň ählisi gahrymançylygyň hem-de edermenligiň, ýokary ahlaklylygyň we ynsanperwerligiň beýik nusgasyna öwrülip, ene söýgüsi, mähri bilen ýaş nesillerimiziň gursagyna guýulýar.

Özlerine goýulýan belent sarpa, döwlet derejesinde edilýän bimöçber alada mähriban zenanlarymyzyň Watana bolan söýgüsini artdyryp, olary görüm-göreldesi, yhlasly okuwy, döredijilikli päk zähmeti bilen täze belentliklere ýetmäge ruhlandyrýar. Şeýlelikde, agzybir halkymyz, şol sanda ýüzleri nurana gözel zenanlarymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler we ruhubelentlik bilen barýar.

Milli gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, özleriniň söýgüsini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli zenanlarymyz! Gözelligiň we nuranalygyň baýramy bolan Halkara zenanlar günüňiz – 8-nji mart baýramyňyz gutly bolsun!

Eziz Diýarymyzda ähli eneleriň arzuwy — Watanyň asudalygy, nesilleriň bagtyýar geljegi. Şol arzuwlary hasyl edip, her bir günümizi bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

  

Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.