Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň Konstitusiýamyza esaslanýan saýlaw hukuklary halkara kadalaryna laýyklykda üpjün edilýär. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarynyň beýanydyr. Çünki, bu şygar ýurdumyzda adamyň, halkyň mertebesiniň belende göterilýändiginiň dabaralanmasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzdan bäri dowam edip gelýän ynsanperwer syýasaty esasynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde saýlawlar nusgalyk derejede geçirilýär. Biziň ýurdumyzda Saýlaw kodeksine laýyklykda, agzybirlikde, asudalykda we guramaçylykly geçirilýän demokratik saýlawlara halkara derejesinde, esasan hem halkymyz tarapyndan ýokary baha berilýär. Saýlaw çärelerinde zenanlaryň we ýaş nesliň işjeňliginiň barha artýandygy görünýär. Şonuň esasynda hem türkmeniň saýlawly demokratiýasy halkara derejesinde dabaralanýar. Aslyýetinde bolsa, saýlawlar halkyň ykbalydyr.
Bilşimiz ýaly, şol saýlawlaryň biri hem 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarydyr.
Mukaddes ata Watanymyzyň ýyl ýazgysynda täze bir eýýamy açan taryhy wakadan, ýagny ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri dogry üç ýyl geçdi. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. Demokratik döwletimizde 2022-nji ýylyň 12-nji martynda saýlawçylarymyzyň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanyp, açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň we uly ruhubelentlikde gatnaşyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler.
Merdana türkmen halkynyň ykbalyna egsilmez bagt getiren, älem-jahana şatlyk paýlaýan ajaýyp bahar paslynda geçirilen Prezident saýlawlarynda halkyň erk-islegi demokratik şertlerde ýüze çykdy.
Şeýle-de Prezident saýlawlary Türkmenistanda demokratiýanyň ösýändigini, halkymyzyň agzybirdigini we jebisdigini aýdyň görkezdi.
Aryf şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Gidiji bolma» atly goşgusynda «Döwletli ogullar ýaşda baş bolar» diýip, danalyk bilen aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoly dowamat-dowam boldy.
Parasatly pederlerimiziň «Halkyň ýoly — Hakyň ýoly» diýip danalyk bilen aýdyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryny döredip, öz halkynyň mertebesini belende göterdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Prezident maksatnamasyna, şeýle-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şol maksatnamadan gelip çykýan beýleki milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler hem halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda döredilýän oňyn şertler halkymyzyň Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjyny, dürli ugurlarda gazanylýan üstünliklerini artdyrýar, geljege bolan ynamyny has-da belende göterýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan ähli üstünlikler hormatly Prezidentimiziň «Eziz watandaşlar! Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!», «Biziň esasy maksadymyz eziz watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen parasatly jümleleriniň mynasyp derejede öz many-mazmunyna eýe bolýandygyny äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiziň üç ýylyň içinde öz halkyna peşgeş beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly üç kitaby bolsa, biziň üçin gymmatly hazynadyr we ruhy galkynyşdyr.
Şan-şöhraty ýedi yklymda meşhur we Oguz nesli bolan hoşniýetli türkmen halkynyň at-abraýyny belende göteren beýik şahsyýetlere uly sarpa goýmak biziň ynsanperwer ata-babalarymyzdan bäri nesilme-nesil dowam edip gelýän asylly däbimizdir.
Şol beýik şahsyýetleriň biri hem özüniň umman ýaly giň, çuň many-mazmunly we syrly döredijilik ýoly bilen dünýä edebiýatynyň gymmatly hazynasyna ägirt uly hem-de baky öçmejek goşant goşan, şygryýet äleminiň mähek daşy, göwher gaşy, onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragydyr.
Hakdan içen ylahy zehinli beýik şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, garaşsyzlyk, adalatlylyk, edep-ekram ýaly başga-da ençeme taglymatlary wagyz-ündew edýän ajaýyp döredijilik ýoly türkmen halkynyň parahatsöýüjilige we ynsanperwerlige eýerýän hoşniýetli ruhy dünýäsiniň çeper eserlerdäki beýanydyr. Diýmek, nusgawy şahyryň beýikligi – türkmen halkynyň beýikligidir. Çünki, hormatly Prezidentimiz beýik şahrymyzy «Magtymguly – dünýäniň akyldary» diýip ykrar etdi.
Saýlawçylarymyz tarapyndan saýlanylan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow içeri we daşary syýasaty oýlanyşykly, üstünlikli amala aşyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna, parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, deňhukuklylyga, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär we goldanylýar.
Ýurdumyzyň başlangyjy we Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly bütindünýä şygary astynda geçýän bu ýylyň taryhy wakalary buýsançly kalplarymyzy şatlyga besleýär.
Şeýle-de, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyna gol çekilmegi, şol reminama laýyklykda degişli okuw çäreleriniň guralmagy, hoşniýetli halkara gatnaşyklarynyň saýlaw ulgamynda hem öz mynasyp beýanyny tapýandygyny äşgär edýär.
Bilşimiz ýaly, häzirki günlerde ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýuny ýokary derejede geçirmek boýunça konsepsiýa laýyklykda, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagynyň üç ýyllygynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda mukaddes Oraza aýyna, şeýle-de şu ýylda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň gabat gelmeginiň-de aýratyn many-mazmuny bardyr.
Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusyndaky «Hak sylamyş bardyr onuň saýasy» diýen dürdäne setirlerinde hem aýdylyşy ýaly, öz halkyny söýýän ynsanlar Hakyň söýgüsine, sylagyna mynasyp bolýar.
Elbetde, asuda, parahat Diýarymyzda ählumumy saýlawlar geçirilenden soňra, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirmegi biziň üçin uly buýsançdyr we baýramdyr.
Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda merdana türkmen ili şatlykly wakalary başdan geçirip, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna watansöýüjilik, ruhubelentlik, üstünlikler hem-de belent maksatly uly tutumlar bilen barýar.
Gorkut atanyň öwüt-ündewlerine, pentlerine eýerýän agzybir, merdana türkmen halkyny demokratik hem-de ösüşli ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.