CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAWLAR WE SYÝASY KÖPDÜRLÜLIK

Biziň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara syýasy köpdürlülik mahsusdyr. Biz munuň şeýledigine 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine nazar salanymyzda hem doly göz ýetirýäris. Çünki, demokratik saýlawlar türkmen raýatlarynyň erk-isleginiň aýdyň beýan edilmegine giň mümkinçilik açýan, syýasy köpdürlüligiň ýaýbaňlanmagyna oňyn şertleri döredýän binýatlyk sütünleriň esasy bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu iş täze many-mazmuna, has kämil  häsiýete eýe boldy. 

Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde syýasy ulgamyň kämilleşdirilmegine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplarynyň demokratiýalaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlarda milli demokratik ýörelgeleriň hem giňden dabaralanmagyna, rowaçlanmagyna mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk döwründe, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, raýatlar toparlary tarapyndan ýygnaklar we mejlisler geçirilip, mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi bolsa, ýurdumyzda emele gelen syýasy köpdürlüligiň halkymyzyň bähbidine hyzmat edýändiginiň alamaty bolup ýaňlanýar.

Dalaşgärlige hödürlenilen we bellige alnan raýatlaryň hil düzümi seljerilende, şeýle hakykat aýdyň ýüze çykýar: türkmen jemgyýetiniň dürli gatlaklarynyň wekillerini özünde jemleýän syýasy partiýalaryň arasynda ajaýyp sazlaşyk emele gelipdir. Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna hyzmat edýän bu ajaýyp milli sazlaşyk türkmen halkynyň dünýäniň kämil milletleriniň birine öwrülendiginiň nyşanydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçirilýän dürli görnüşli saýlawlara milli synçylarymyz tarapyndan gözegçilik etmek indi özboluşly däbe öwrüldi. Milli synçylaryň  gözegçiligi saýlawlaryň hiç hili kanun bozmalara ýol bermezden geçirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna milli synçylaryň işjeň gatnaşmaklary bu gezekki geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä hem kämil jemgyýet tarapyndan ygtybarly gözegçilik ediljekdiginiň aýdyň  subutnamasy bolup ýaňlanýar.

 

Merkezi saýlaw topary.