CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

PREZIDENT SAÝLAWLARY. BERKARAR DÖWLETIŇ, BAGTYÝAR HALKYŇ RÖWŞEN ÝOLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän içeri we daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde tanalýar hem-de ykrar edilýär. Elbetde, asuda, parahat ýurdumyzda agzybirlikde geçirilýän demokratik saýlawlara hem halkara derejesinde ýokary baha berilýär. Munuň özi türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny, döwletimiziň öňe tarap ynamly gadam urýandygyny görkezýär.    

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsleşik esasynda, milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemlerine laýyklykda, biziň halkymyz, özüniň hem-de Watanymyzyň ykbalyny we geljegini Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ynandy. Öz saýlan Prezidentiniň berkarar döwlete baştutanlyk etmegi bilen, halkymyz şöhratly menzillere ýetýär.

Şeýle-de, şol şatlykly günler, ýadyňyzda bolsa, ýene-de bir ýatdan çykmajak buýsançly we taryhy waka bolup geçdi. Ol taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan sene şundan üç ýyl ozal, ýagny 2022-nji ýylyň 19-njy martynda boldy. Şol gün türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi. Wezipä girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzyň oňa bildiren uly ynamynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine, türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin kesgitlenen esasy ýoluň, öňde goýlan maksatlaryň, uly wezipeleriň geljekde alyp barjak işleriniň esasyny düzjekdigini aýtdy. Dabarada hormatly Prezidentimiziň «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri örän belent wezipä mynasyp görlen ynsanyň öz halkyna çäksiz söýgisi, milletiň güýç-kuwwatyna buýsanjy bolup ýaňlandy.

Şeýlelikde, Milli Liderimiziň demokratik, ynsanperwer başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen ýyllaryň dowamynda ata Watanymyzda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Halkyň agzybirliginde gazanylýan şol üstünlikleriň netijesinde  ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Watanymyzyň öňünde durýan uly wezipeler we olary amala aşyrmagyň ýollary kabul edilen maksatnamalarda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» anyk kesgitlenilendir.

Türkmenistany ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek meselesi esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda sanly ösüş, öňdebaryjy ylmyň gazanylanlary we innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda bellenendir. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmaga hem-de täze pudaklary döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny netijeli ulanmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.

Bilşimiz ýaly, ýangyç-energetika toplumynda iri taslamalar amala aşyrylýar. Ilkinji nobatda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek işleri dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Şunda hususy telekeçilige hem möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda kiçi we orta işewürligiň wekilleri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli ýerini — paýtagtdan başlap, sebitleri we olaryň iň çet künjeklerine çenli toplumlaýyn, giň möçberli özgertmeler gurşap aldy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzyň sebitlerinde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejelerini kemala getirmek, şäher we oba ýerlerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän toplumlaýyn düzümleri döretmek döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şeýle-de, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi döwlet ähmiýetli wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär.

Elbetde, bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler we ösüş syýasatynyň täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmesidir. Türkmenistan röwşen geljegini gurýar. Munuň özi köp sanly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, düzümleýin ulgamlaryň gurluşygy diýmekdir.

Gözel paýtagtymyzda, ajaýyp Arkadag şäherinde we sebitlerde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň we şäherçeleriň gurluşyklary amala aşyryldy, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, saglygy goraýyş we senagat desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi hem-de bu ugurlardaky taslamalaryň çäklerinde gurluşyk işleri yzygiderli dowam etdirilýär.

Şol taslamalaryň hatarynda Aşgabat – Türkmenabat we Aşgabat – Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Arkadag şäheriniň desgalary we paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlary bardyr.

Şeýle-de, bilim ulgamy okgunly ösdürilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ulgamyň işi hil taýdan täze derejä çykarylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna, parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, deňhukuklylyga, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär we goldanylýar. Ýurdumyzyň başlangyjy we Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly bütindünýä şygary astynda geçýän bu ýylyň taryhy we buýsançly wakalary munuň şeýledigini äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine aýratyn üns berýär. Bu bolsa, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge ýardam berýär. Häzirkizaman saglyk infrastrukturamyz lukmançylyk edaralaryndan başga, sport ulgamyny-da öz içine alýar.

Elbetde, bu il-ýurt, umumadamzat bähbitli uly tutumlaryň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryndan, hoşniýetli daşary syýasatyndan ugur alýan oňyn başlangyçlarynyň üstünlige beslenýän dowamatydygyny hem ýakymly duýgular bilen aýtmalydyrys.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli pugtalandyryp gelýär. Täzeçil başlangyçlary öňe sürýär, demokratik ýörelgeleri ilerledýär, nesilleriň arasyndaky kämil sazlaşygy berkidýär, milli ruhy mirasy dünýä çykarýar. Tutuş dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmek işlerine uly goşant goşýar. Halkymyzyň we ýurdumyzyň mertebesini belende göterýär. Bu babatda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli bitaraplyk ýörelgesi, gürrüňsiz, başga bir zat bilen ýerini çalşyp bolmajak derejede ähmiýetlidir.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda agzybir türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ruhubelentlik hem-de belent maksatly uly tutumlar bilen barýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşli demokratik ýol bilen  belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ähli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.