Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, eziz Diýarymyza kalbymyzy joşduryp, göwünlerimizi şatlandyryp, ýüreklerimize röwşen nur çaýyp, bahar-ýaz geldi. Bagtyýar döwrümizde tutuş tebigatymyzy janlandyryp, ýaşyl begrese beslenýän türkmen baharynyň gelşi-de üýtgeşik.
«Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlişi ýaly, täzelenişiň hem-de nuranalygyň baýramy bolan Nowruz özüniň kalplara şatlyk paýlaýan ajaýyp günleri bilen gelýär.
Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruzyň gelmegi her bir adamyň şatlygyny goşalandyrýar. Türkmen halky gadymy wagtlarda hem Nowruzy özboluşly baýramçylyk hökmünde belläpdir. Nowruz ýagşy niýetler bilen ertirki ýagty, nurana günlerden habar berýän baýram. «Nowruz» - «täze gün» diýen manyny berýär. Dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy «Duman peýda» atly goşgusynda: «Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, Nowruz baýramynyň gelmegi bilen tebigatyň janlanyp, ýaşaýşyň ýaşyl reňke öwrülişini çeper wasp edýär.
Bu günki gün eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şatlyk-şowhun we ruhubelentlik bilen garşy alynýar. Mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ajaýyp däp-dessurlary özüne siňdiren bu nurana baýramy giňden belleýär.
Dana pederlerimiz tebigy synçylygy arkaly «Nowruz gelse, buz durmaz...», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň—ýaz», «Nowruz geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş» ýaly durmuş hakykatynyň beýanyna öwrülen nakyllarydyr aýtgylary döredipdirler.
Täze ýylyň, täze günüň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýramçylykda gyz-gelinler tebigat bilen bäs edýän owadan lybaslary bilen meýdana çyksalar, çagalar şol gün milli oýunlary oýnap, owlak-guzulary synlap, göwünlerini hoşlaýarlar. Toý saçagyny dänäniň ýedi görnüşinden taýýarlanan milli tagamlar bilen bezemek gelin-gyzlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar. Nowruz gününde ak bugdaýdan nowruz ýarmasy, ak jöwenden nowruz köjesi, tüwüden, mäşden, noýbadan dürli tagamlar taýýarlanylýar.
Gelin-gyzlar semeni taýýarlamak üçin birnäçe gün öňünden taýýarlyk görýärler. Olar ýalpak gaplarda bugdaý ekip, onuň gögermegine garaşýarlar. Eger bugdaý endigan gögeren bolsa, onda ýylyň bereketli, hasylly geljekdiginiň alamaty hasaplanylýar. Maşgalanyň bugdaýly, bereketli bolmagy yrym edilip, ýaşajyk maýsa baldaklary öýlerden asylyp goýulýar. Semenini gaýnatmaga, esasan, dört zenan gatnaşýar. Olar dört gulakly gazanyň ýanyndan aýrylman, semenini bulap durýarlar. Uzakly gün gaýnan semeni taýýar bolansoň, gazanyň gapagy ýapylyp goýulýar.
Nowruz güni säher bilen eneler semenini dadyp, aý-günleriň we ýylyň bereketli bolmagy üçin ýagşy dilegler edenlerinden soňra, nowruz tagamy çagalara, perzende garaşýan gelinlere, myhmanlara hödürlenilipdir. Äşe-Patmanyň aşyndan dadyp arzuw etmek, onuň hasyl boljakdygyna tüýs ýürekden ynanmak nowruz tagamyna hormatyň beýanydyr. Bu bolsa gadymdan gözbaş alýan däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam edýändigini alamatlandyrýar.
Ildeşlerimiz baýramçylyk tagamlaryny agzybirlikde taýýarlaýarlar. Toý desserhanlary giňden ýazylyp, goňşy-golaňlar, dost-doganlar birek-birege nazy-nygmatlaryň iň datlysyndan hödür edýärler. Nowruza mahsus şeýle edim-gylymlaryň ýerine ýetirilen pursatlarynda ynsanperwerlik, ýagşy arzuw - niýetler kalplarda ýakymly duýgulary oýaryp, tebigat bilen sazlaşyk döredýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda, her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Aslyýetinde, taryhy döwürlerde-de bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edip gelipdir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralary halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň, berkarar döwletimiziň rowaçlygynyň ajaýyp owazy bolup, dünýä dolýar.
Durmuşymyzy bagtyýarlyga besläp, döwletimizi ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris!
Milli bahar baýramyňyz gutly bolsun! Eziz ildeşler!
Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.