CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

TÜRKMENISTAN – BAGY-BOSSAN

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek çäresi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Däp bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda hem ata Watanymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Taryhda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döreden halkymyz bag ekmek işlerine, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürenmegine zerur üns beripdir. Bu ýörelgeleriň häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp derejede dowam etdirilýändigini bellemek ýakymly. Bahar paslynyň gelmegi bilen, türkmen topragy has-da gözel keşbe girýär. Baglaryň ýaşyl öwsüp, al-elwan gülleriň açylmagy biziň göwnümizi galkyndyryp, uly ruhubelentlik döredýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen her ýylda ýazky we güýzki möwsümde bag ekmek dabarasy geçirilýär. Halkymyzda «Ýagşydan at galar» diýilişi ýaly, bag ekmek sogap iş hasap edilýär. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdirler.

Gahryman Arkadagymyzyň «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda «Bir nahal ekseň ýaşyň baky», «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň» diýen setirini mysal getirmek bolýar. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin aýap saklamak, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan uguydyr. Şonuň netijesinde, her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilýär. Şol gün ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, şeýle hem eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda dürli görnüşli bag nahallary oturdylýar, ozaldan ösüp oturan baglaryň idegi ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan bag ekmek ýaly sogaply işlere ildeşlerimiz uly joşgun bilen gatnaşýarlar. Eziz Diýarymyzda geçirilýän bu dabaralarda ekilen millionlarça nahallar, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik berýär. Bu ýaşyl zolaklar, döredilýän seýilgähler diňe bir gözellik bolman, eýsem, arassa howamyz, saglygymyz we sagdynlygymyzdyr. Elbetde, bagy-bossanlygy we sagdynlygy biri-birinden aýry göz öňüne getirip bolanok. Bagy-bossanlykda, seýilgähde, arassa howada gezip, ýöräp hereket edeniňde, göwnüň göterilip, nerw, ýürek damar ulgamlaryň işi kadalaşýar, gan aýlanyşygy gowulanýar.

Häzirki wagtda ýurdymyzda oňyn ekologiýa şertleriniň döredilmegi, tokaýlaryň durnukly dolandyrylmagy hem-de olaryň bioköpdürliliginiň goralyp saklanylmagy boýunça toplumlaýyn maksatnamalar, «Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky milli kanunçylyk binýady has hem kämilleşdirilýär we halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzda bag nahallaryny ekmäge, nahallaryň dürli sebitleriň toprak-howa şertlerine has durnukly görüşlerini saýlap almaga uly ähmiýet berilýär.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat şäheriniň töweregindäki arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagynyň hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Dag derelerinde we baýyrlyklarda, ýapgytlarda arça agaçlarynyň tokaýlyklary döredilip, olaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär.

Täze taryhy döwürde bag ekmek ýaly, şeýle sogaply işlere aýratyn ähmiýetiň berilmegi, asylly ýörelgelere eýerilmegi halkymyzda gyzgyn goldaw tapýar. Çünki, baglar – Zeminiň görki, tebigatyň bezegi. Baglardan döreýän gözellik diňe bir daş-töweregimize ýaraşyk bermän, eýsem howanyň tämizligine hem oňyn täsirini ýetirýär. Bag ekmeklige bagyşlanyp, hakyky toý ruhunda geçirilýän çärelere gatnaşýan ildeşlerimiz Watanymyzy gülledip ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarlar.

 

Gülälek Gurbangulyýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Mary welaýaty boýunça iş ýöredijisi.