CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAWLARA TAÝÝARLYK — SANLARDA!

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek saýlawlar boýunça jemi 16558 dalaşgär bellige alyndy. Şol sanda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 284, welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570, Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär bellige alyndy.

Syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 10350-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa, 6208-si hödürlenildi we bellige alyndy. Has takygy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 6131, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 964, Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 3255, raýatlar toparlary tarapyndan 6208 dalaşgär hödürlenildi we bellige alyndy.

Bu sanlar her bir okrugda bir orun üçin iki we ondan hem köp dalaşgäriň bäsleşjekdiginden habar berýär. Munuň özi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 91 okrugyň her birinde 2 dalaşgäriň, 34 okrugyň her birinde 3 dalaşgäriň; welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 1261 okrugda 2 dalaşgäriň, 179 okrugda 3 dalaşgäriň; Geňeş agzalygyna 4485 okrugyň her birinde 2 dalaşgäriň, 1415 okrugyň her birinde 3 dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär.

 

* * *

Saýlawlaryň geçirilişine syn etmek üçin syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň jemi 4072-si degişli saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Has takygy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 591, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 311, Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 392, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 665, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 253, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 525, raýatlar toparlary tarapyndan 226, dalaşgärler tarapyndan bolsa 1109 milli synçy bellige alyndy.

 

* * *

2018-nji ýylyň  25-nji martynda  geçiriljek saýlawlarda ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 2604-si döredildi. Has takygy, Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 548, Aşgabat şäherinde 299, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda 39 saýlaw uçastogy döredildi.

 

* * *

Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçiriljek bu saýlawlarda saýlaw okruglarynyň jemi 7465-si döredildi. Has takygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň  saýlawlary boýunça 125, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 240, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 1200, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 5900 saýlaw okrugy döredildi.   

Merkezi saýlaw topary.