CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAWLARDA DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEGIŇ WE BELLIGE ALMAGYŇ TERTIBI

Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän saýlawlar demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirilýär. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik binýatlarynyň berkidilip, halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň kämilleşýändigini äşgär edýär.

Elbetde, saýlawlaryň guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde syýasy partiýalaryň hem-de raýatlar toparlarynyň möhüm orny bardyr. Saýlaw möwsüminde dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk, wagyz erkinligi ýaly düşünjeler esasy ýörelgeleriň biridir. Dalaşgär – saýlawly wezipä ýa-da wekilçilikli edara bäsleşik esasynda saýlanmak üçin syýasy partiýalar, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenilen saýlaw hukukly raýatdyr.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44–47-nji maddalaryna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen günine çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Türkmenistanda geçirilýän saýlawlaryň köppartiýalylyk esasynda geçirilmegi, ýagny, saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, şeýle-de raýatlaryň toparlarynyň gatnaşmagy saýlawlaryň demokratik şertlerde, halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, aç-açanlyk hem-de giň bäsleşik esasynda, halkara kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilner. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasynyň 5-nji bölegine laýyklykda, dalaşgär özüniň saýlawlarda sese goýulmaga razydygy hakynda degişli saýlaw toparyna ýazmaça habar berýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň merkezi, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, has takygy, gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda hödürleýärler. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde hödürleýärler. Geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda hödürleýärler.

Şeýle-de dalaşgärleri hödürlemek raýatlaryň toparyna hem degişli bolup durýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan bir ýüzüsi, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna bolsa degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Raýatlaryň toparynyň her bir ýygnagy degişli saýlaw okrugyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna diňe bir dalaşgär hödürläp biler. Raýatlaryň toparynyň ýygnagyna gatnaşýanlaryň elli göteriminden (ýarysyndan) köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.

Dalaşgäri hödürlemek hakyndaky karar açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär. Ses bermegiň tertibi we ýygnagyň alnyp barlyşynyň beýleki meseleleri ýygnaga gatnaşýanlar tarapyndan kesgitlenilýär. Dalaşgär hödürlenilendigi hakyndaky karar barada dalaşgäre hem iki günüň dowamynda, ýöne dalaşgär hödürlemek möhletiniň gutaran gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä galynman, habar berilýär.

Dalaşgärleri bellige almak bolsa, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Degişli saýlaw topary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakyndaky habary olar bellige alnandan soň bäşilenji günden gijä goýman ilatyň dykgatyna ýetirýär, habarda dalaşgärleriň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly we ýeri, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.

Dalaşgärleriň bellige alnan pursadyndan beýläk saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge deň hukuklary bardyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatyna agzalyga her bir dalaşgäriň bäşe çenli, Geňeş agzalygyna her bir dalaşgäriň bolsa üçe çenli ynanylan adamy bolup biler.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň sakasynda duran, halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.