CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugyndan dalaşgär

Merjen  Taşpolatowna  Rozykulowa

TERJIMEHALY

Merjen Taşpolatowna Rozykulowa 1979-njy ýylyň 18-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Burguçy geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen. 1985-1994-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň öňki Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň 6-njy orta mekdebinde okady.
1994-1997-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň lukmançylyk orta okuw mekdebinde okap, ony feldşer-laborant hünäri boýunça tamamlady.
1998-1999-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Narkologiýa hassahanasynyň şepagat uýasy;
1999-2000-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň öňki Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap hassahanasynyň şepagat uýasy bolup işledi. 
2001-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony pediatr lukmany hünäri boýunça tamamlady. 
2007-2008-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Köpugurly hassahanasynda intern lukmany;
2008-2010-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň öňki Ruhabat etrap hassahanasynyň Abadan oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany;
2010-2013-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany;
2013-2016-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň 2-nji Saglyk öýüniň Abadan şahamçasynyň maşgala lukmany bolup işledi.
2016-njy ýylyň awgust aýyndan bäri Aşgabat şäheriniň 13-nji saglyk öýüniň Büzmeýin şahamçasynyň maşgala lukmany bolup işleýär.  
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.