CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

AK ŞÄHERIM, AŞGABAT!

Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni  hem-de  “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Merkezi Aziýanyň dür-merjeni saýylýan Aşgabat şäheri hemem orta mekdebi tamamlap, möwçli durmuş ummanyny gulaçlap başlaýan ýaşlar üçin mynasyp baýramçylykdyr.

Belent-belent ymaratlaryň, owadandan kaşaň myhmanhanalaryň, ösen dünýäniň talaplaryna laýyk gelýän köp ugurly sport desgalarynyň,  ýaşaýyş jaýlarynyň özboluşly mekany hem-de ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda özüne ymykly orun edinen Aşgabat Ýer ýüzüniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Bu gün onuň nurana keşbi gün-günden özgerýär. Çünki, sazlaşykly we okgunly ösýän Aşgabadyň dürli künjeklerinde gurluşyk işleri giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar. Aşgabatda gurulýan desgalarda ösen dünýäniň binagärlik tejribeleri hem-de milli binagärlik ýörelgeleri utgaşykly alnyp barylýar.

Şu günki Aşgabadyň gözel we owadan keşbini şahyr öz setirlerinde şeýle beýan edýär:

Düzüm-düzüm hünji kimin çyralar,
Türkmeniň baş kenti göýä erteki.
Munda jemlenipdir ynsan kowmunyň,
Geçmişi, şu güni, ýagty ertesi.

Misli erem bagy, jennetiň burçy,
Mekany sen, hoşboý ysly gülleriň.
Ulugyz deý sülmüreşýär daragtlar,
Şagalaňly — seýilgähler, şaýollar,
Sazlaşyp dur yşyklaryň, mermeriň.
Baş egeniň duýman galýaň öňünde,
Uçmahy döreden edermenleriň.

Arkadagyň yhlasy-- bu binalar,
Köşgi-eýwan, muzeý... kitaphanalar.
Mukamlaryň, medeniýetiň merkezi
Zemin içre şäherleriň gerçegi —
Aşgabadym!  Nowjuwan sen, gözel sen,
Dillerimde dessanym sen, gazal sen.
Parlap dünýä çykmasy sen halkymyň,
Hem türkmeniň nyşany sen—bagtynyň!

Owadan keşbi, durky-görki, ajaýyplygy bilen at-owazasy dünýä dolan Aşgabat şäherini we onuň bagtyýar, ýüzleri  mähir-muhabbetli ýaşaýjylaryny, orta mekdebi tamamlaýan ruhubelent ýaşlarymyzy “Soňky jaň” dabarasy bilen gyzgyn gutlaýarys!

 

A.Akmyradow.