CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

«AMUL — HAZAR - 2018» AWTORALLISI

Ýer ýüzünde iri çöl hasap edilýän Garagumda ralli ýaryşlary geçer diýseler, hiç kimse ynanmazdy. Bu gün türkmeniň Arkadag Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen, milli Liderimiziň ekologiýa syýasaty netijesinde gür tokaýlyga, görkli çemene öwrülen Garagumda şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi hakykata öwrüldi...

2018-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda «Amul — Hazar» ugry boýunça geçiriljek awtoralli ýaryşlaryna gatnaşjak ýeňil awtomobiller, ýük awtomobilleri we SSV kysymly kwadrosikller Garagum sährasynyň içinden hem-de ýurdumyzyň beýleki gözel ýerlerinden geçip, 1500 kilometr aralygy sökerler.

Lebap welaýatynyň çäklerinden badalga aljak bu awtoralli ýaryşy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanar.

Häzirki döwürde dünýäde «Amul — Hazar - 2018» halkara awtorallisini giňden tanyşdyrmak çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Tanyşdyrylyş çäreleriniň biri-de Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirildi. Iri işewür merkezi saýylýan «Crowne Plaza Moskow» binasynda bolup geçen bu tanyşdyrylyş dabarasyna köp sanly neşirleriň, iri halkara hem-de rus habarlar agentlikleriniň, teleradio ýaýlymlarynyň, ýöriteleşdirilen žurnallaryň we gazetleriň, saýtlaryň žurnalistleriniň 50-si gatnaşdy.

1972-nji ýylda nusgawy göreş boýunça, şeýle-de 1973-nji ýylda nyşana ok atmak boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen derejelere mynasyp bolan milli Liderimiz, köp ýyllaryň dowamynda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ýokary sport endiklerini ymykly ele alan Şahsyýetdir. Ol ýetginjek ýyllarynda örän yhlasly we ýadawsyz türgenleşip, göreşiň nusgawy we erkin görnüşleri boýunça ençeme ýaryşlara gatnaşdy. Şol ýaryşlarda Gurbanguly Berdimuhamedow örän ýokary netijeleri gazanmagy başarypdy.

Şu ýylyň 12-nji maýynda «Amul — Hazar - 2018» halkara awtorallisiniň çäklerinde geçirilen ýaryşlarda döwlet Baştutanymyza Awtomobil sporty milli federasiýasynyň we IIM-niň Sport ulaglary merkeziniň sport awtomobiline erk etmekde ussatlygy we görkezen ýokary netijeleri üçin «Türkmenistanyň sport ussady» diýen adyň sertifikaty gowşuryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimize 12-nji maýda şu ýaryşlaryň çäklerinde bellenilen aralygy ýokary tizlikde geçendigi üçin, «Amul — Hazar - 2018» halkara awtorallisine gatnaşmaga hukuk berýän ýene bir sertifikat gowşurylypdy.

Häzirki döwürde  bäsleşigiň guramaçylyk we tehniki üpjünçiligi babatda bolşy ýaly, ralli ýaryşlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ugur boýunça meşhur hünärmenler, şeýle çärelere gatnaşmakda özüni görkezen kompaniýalar bilen jebis we ykjam hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Üçünji müňýyllykda Bitarap Türkmenistanda geçiriljek bu halkara ralli ýaryşlarynyň baş wezipeleriniň biri-de halkymyzyň şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, tebigy we ykdysady mümkinçilikleri bilen dürli yklymlaryň halklaryny içgin tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

 

Merkezi saýlaw topary.