CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

KÖŇÜL HÜMMETI

Rawylar öz zamanlarynda kylan rowaýatlarynda: «Allatagalanyň ýanynda ylma, sungata jogap berýän ýörite perişdeler barmyş. Allatagala olaryň üsti bilen öz saýlan ynsanlarynyň kalbyna ylham guýarmyş. Ol perişdeler mukaddes hem päk bolup, Taňrynyň rehmet hazynasyndan ýagşy ahlaklary alyp, olary kalplara ornaşdyrýarmyş» diýen tymsaly ýygy-ýygydan gaýtalar ekenler. Şeýle diýmek bilen, rawylar beýnisi durmuşyň aladasydyr müşgilleri bilen meşgul ynsanlaryň argynlygyny aýryp, olara egsilmez ruhy güýç berýän aýdym-sazyň gudratynyň ylahydan ylhamlanýandygyny aýratyn nygtamak isläpdirler. Her kakuwy berk düzülen hasaplara eýerýän ajaýyp sazlary, şirin labyzly aýdymlary ýerine ýetirýän ylahydan ylhamly, köňli hümmetli ussatlaryň ägirt uly ruhy güýje eýedigine bolsa, bu gün külli älemde düşünmeýän ynsan ýok bolsa gerek!

Türkmenlerde öz sungatyň — aýdym-sazyň bilen il-günüň öňüne çykmaga ukyply ynsanlara ylahydan ylhamlanýan uly zehin, gymmatyny ýitirmeýän mähek daşy hökmünde baha berlipdir. Hut şonuň üçin hem bu gün türkmenler durmuşdan, işden, ýaşaýyşdan çuň ylhamlanýan, kalbynda mähir-muhabbet sili tolkun atýan hormatly Prezidentini — halkyň wepaly Ogluny ähli babatda özleri üçin nusgawy ynsan hasaplaýarlar. Sungatyň güýjüne çuň düşünýän milli Liderimiz saz çalyp, aýdym aýtmak bilen, ýurdumyzda diňe bir ykdysadyýetiň, medeniýetdir sungatyň ösmegine däl, eýsem ruhubelentligiň giňden dabaralanmagyna-da uly itergi berýär.

Türkmen halkynyň kalby nurly-imanly milli Lideri jenneti mekan Awazada ylahydan ylhamlanyp, dürli eserleriň üstünde işledi. Şol bir wagtyň özünde-de, mähriban Arkadagymyz aýdym üçin goşgy ýazdy. Agtygy Kerimguly bolsa, atasynyň şol goşgusyna mynasyp saz döretdi. Mähriban Arkadagymyz agtygy Kerimguly bilen «Sportly Türkmenistan» atly bu aýdymy şirin labyz bilen ýerine ýetirdi.

Ýürek joşgunyňy saza geçirip-siňdirip, il-gününe düşündirmegi başarýan şahsyýet köňli hümmetli, nurana kalply ynsan saýylýar. Magtymguly atamyz: «Her bir ynsanyň köňül hümmeti gerek» diýip, ýöne ýere nygtamandyr.

Oguzy, Gorkudy, Göroglyny, Magtymgulyny sazsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Çünki, saz çalmak akyl-paýhasdan, parasatlylykdan, bu dünýäniň umman ýaly giň we çuň pelsepesine, many-mazmunyna örän dürs düşünmekden nyşandyr. Saz çalmak, aýdym aýtmak diýmek kalbyň nuranalygyny, hyjuw-güýjüňi ynsanlara, tutuş jemgyýete çuň we doly açyp görkezmegi, düşündirip bilmegi, olaryň ruhy hal-ahwalyny kuýaşly belentliklere götermegi başarmakdan alamatdyr.

Kalby mähir bilen ynama ýugrulan edermen türkmen halky bir jan-bir ten bolup, gursagynda ylham deňzi gaýnap-joşýan, köňli hümmetli Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Zemindäki gülşen Diýary — Türkmenistany baglary şeýda bilbilli uçmahy mekana öwürmek üçin, bu gün beýik-beýik  işleri amala aşyrmagy üstünlikli dowam etdirýär.

 

A.Akmyradow,
žurnalist