CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

DEMOKRATIK SAÝLAWLAR WE HALKARA SYNÇYLARY

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlaryň aýanlyk şertlerinde geçirilmegi onuň esasy demokratik ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Saýlawlaryň aýanlyk şertleri bolsa oňa halkara we milli synçylaryň, dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň syn etmegi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan saýlawlar baradaky maglumatlaryň ilatyň dykgatyna yzygiderli, öz wagtynda ýetirilip durulmagy esasynda amala aşyrylýar.

Bulary aýtmak bilen biz saýlawlaryň aýanlyk şertlerinde geçirilmegi üçin öňde ady agzalyp geçilen ygtyýarly wekiller bilen bir hatarda halkara synçylarynyň hem uly ähmiýete eýedigine ünsi çekmekçi bolýarys.

Soňky ýyllarda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň halkara kadalaryny demokratik ýörelgelere laýyklykda has-da berkitmek arkaly, jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagyny gazanmak demokratik institutlaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi.

Dünýäniň abraýly halkara guramalary bolan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Geňeşi,  Ýewropa Bileleşigi, Amerika Yklymynyň Döwletleri Guramasy, Parlamentara Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan saýlawlara we sala salşyklara syn etmegi guramak bilen bagly esasy düzgünnamalary özünde jemleýän resminamalaryň 50-den gowragy kabul edildi.

Bu abraýly iri halkara guramalarynyň demokratik saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine aýratyn ähmiýet bermekleriniň sebäbiniň asyl maksadynyň mazmunyna aşakdaky tertipde düşündiriş bermek bolar. 

Demokratik saýlawlar her bir döwletiň syýasy durmuşynda esasy orny eýeleýär. Şonuň bilen birlikde döwletiň ösüşiniň geljekki ugurlaryny, syýasy we döwlet gurluşyny, raýat jemgyýetiniň hukuklaryny kesgitleýär. Erkin saýlawlar döwlet häkimiýetini kanunlaşdyrmagyň, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň demokratik usullarynyň biridir. Bu  möhüm ugurlary üstünlikli amala aşyrmakda saýlaw kanunçylygynyň  kämil bolmagy, saýlawlary guramagyň we olary geçirmegiň demokratik tejribeleri, şeýle-de olaryň saýlaw işlerine gatnaşyjylar hem-de halkara bileleşikleri tarapyndan ykrar edilmegi wajyp meseledir.

Demokratik saýlawlara we sala salşyklara halkara derejesinde syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, haýsy-da bolsa bir döwlete saýlawlary we sala salşyklary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Dünýäniň halkara guramalary tarapyndan saýlawlara we sala salşyklara syn etmegiň halkara hukuk kadalaryny ulanmaga XX asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap, aýratyn ähmiýet berlip ugraldy.

Halkara tejribelerinde saýlawlara syn etmegiň möhletiniň iki görnüşi, ýagny uzak möhletleýin we gysga möhletleýin görnüşleri ulanylýar.

Uzak möhletleýin halkara synçylary dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlanyndan, tä ses bermegiň netijeleri resmi taýdan yglan edilýänçä saýlawlaryň geçirilişine syn edýärler.

Gysga möhletleýin halkara synçylary diňe saýlawlar güni ses bermegiň barşyna we ses bermegiň netijelerini kesgitlemek işlerine syn edýärler.

Uzak möhletleýin we gysga möhletleýin halkara synçylarynyň alyp barmaly işleriniň tertibi synçylary ugradýan halkara guramalarynyň öz düzgünnamalarynda beýan edilýär.

Şonuň bilen birlikde halkara synçylarynyň saýlawlara syn etmeginiň düzgünleri we ygtyýarlyklary olary çagyrýan döwletiň milli kanunçylyklary esasynda hem kesgitlenilýär.

Biziň ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygynda hem halkara synçylaryny çagyrmagyň, bellige almagyň düzgünleri we olaryň ygtyýarlyklary bellenilendir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasynda:

Saýlawlara we sala salşyga syn etmegi dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, milli synçylaryň, daşary ýurtlaryň, halkara guramalarynyň synçylarynyň amala aşyryp bilýändigi;

Daşary ýurt (halkara) synçylarynyň saýlawlaryň, sala salşygyň bellenilen gününden soň Türkmenistanyň Prezidenti, Merkezi saýlaw topary tarapyndan çagyrylyp bilinýändigi;

Daşary ýurt (halkara) synçylaryny resmi taýdan bellige almagyň çakylyk haty bar bolan halatynda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan amala aşyrylýandygy;

Olaryň işiniň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýändigi;

Saýlaw toparlarynyň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt (halkara) synçysyna zerur bolan ýardamy berýändigi;

Daşary ýurt (halkara) synçysynyň öz işini özbaşdak we garaşsyz amala aşyrýandygy;

Daşary ýurt (halkara) synçylarynyň saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görlüşine we olaryň geçirilişine syn etmek bilen baglanyşykly bolmadyk işleri amala aşyrmaga hukuklarynyň ýokdugy;

Synçylaryň hukuklarynyň olaryň bellige alnan gününden başlanýandygy we saýlawlaryň ýa-da sala salşygyň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýandygy beýan edilýär.

Şeýle-de, şol madda laýyklykda, olaryň ygtyýarlyklary we borçlary düzgünleşdirilýär.

Munuň özi halkara synçylarynyň çagyrylmagynyň saýlawlaryň aýanlykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde örän uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Şu nukdaý nazardan, dünýäde hoşniýetli döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny öňe sürýän hemişeik Bitarap Türkmenistan döwletimizde demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýän Prezident we Parlament saýlawlaryna halkara synçylaryny çagyrmaklyk özboluşly syýasy ähmiýete eýe boldy. 

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna hem birnäçe halkara guramalaryndan we dostlukly döwletlerden garaşsyz synçylar çagyryldy.

Ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar wekiliýetiniň ştaby 2018-nji ýylyň 5-nji martyndan başlap işläp başlady we saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen bolan duşuşygyň barşynda öňde boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmana netijeli hem-de milli kanunçylyga laýyklykda geçýän saýlaw möwsüminiň barşy barada giňişleýin habar berildi. Toparyň üstünlikli işlemegi üçin hemme zerur şertleriň dörediljekdigi aýdyldy.

Öz nobatynda W.Guminskiý GDA-nyň synçylar toparynyň iş ýörelgeleri hem-de işiniň guralyşy barada habar berdi. Toparyň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraljakdygy hem-de saýlawlary guramak we geçirmek ulgamynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna esaslanjakdygy nygtaldy.

Şol saýlawlara dünýäniň abraýly halkara guramalary bolan Birleşen Milletler Guramasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyz Respublikalaryndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasyndan, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagyndan we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan, Hindistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan halkara synçylary, garaşsyz synçylar saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişi bilen tanyşmak üçin Türkmenistana geldiler we saýlawlara taýýarlyk işleri, ses bermegiň geçişi bilen tanyşdylar.

Umuman, jemi 142 synçydan ybarat bolan halkara we garaşsyz synçylar toparlarynyň agzalary Türkmenistanda bolan mahalynda, olar üçin saýlaw kanunçylygymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän işler bilen jikme-jik tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, olary hödürlän syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, raýatlaryň toparlary, dalaşgärleriň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge ähli mümkinçilikleriň döredilendigini, GDA-nyň halkara synçylarynyň saýlaw uçastoklarynyň 685-sine we ŞHG-niň halkara synçylarynyň bolsa 224-sine baryp görendiklerini,  halkara synçylarynyň saýlawlara taýýarlyk görlüşi we geçirilişi baradaky belliklerini we jemleýji pikirlerini ýazyp beýan etmekleri üçin saýlaw toparlarynyň hem-de saýlaw uçastoklarynyň hemmesiniň «Saýlawçylaryň we synçylaryň teklipleri» diýlen depderçe bilen üpjün edilendigini bellemek bolar.

Saýlaw möwsüminiň dowamynda GDA-nyň uzak möhletleýin synçylary saýlaw uçastoklaryna we okruglaryna baryp gördüler. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Missiýanyň agzalarynyň saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň sanawlary boýunça geçirilýän işler, möhletinden öň ses bermegiň barşy baradaky habary «Türkmenistan» gazetiniň 2018-nji ýylyň 17-nji martyndaky sanynda çap edildi.

Şol habarda hususan hem saýlaw uçastoklarynyň tehniki we usulyýet üpjünçiliginiň gowudygy, olaryň saýlawlary geçirmäge taýýardygy barada bellenilýär.

Şeýle-de, wagyz işleriniň çäklerinde synçylaryň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler bilen duşuşandyklary hem-de saýlaw möwsüminiň hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde geçýändigini belländikleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän halkara synçylarynyň 90-synyň resmi taýdan bellige alnandygy barada aýdylýar.

Abraýly halkara guramalary – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan gelen synçylar toparynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara synçylar toparynyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen metbugat maslahatlarynda saýlawlaryň açyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini aýtdylar. Munuň özi saýlawlaryň kanuna laýyklykda, umumy ykrar edilen demokratik esaslarda we ýokary guramaçylykly geçirilendigini, saýlawçylaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini doly äşgär edýär.

Munuň şeýledigini subut edýän käbir anyk mysallara ýüzlenip geçsek ýerlikli bolsa gerek.

Has takygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň wekilçilikli toparynyň 2018-nji ýylyň 5-20-nji marty aralygyndaky döwürde geçiren gözegçilik işleriniň aralyk hasabaty taýýarlanyldy we «Türkmenistan» gazetiniň 2018-nji ýylyň  21-nji martyndaky sanynda çap edildi.

Şol aralyk hasabatda GDA-nyň halkara synçylarynyň işiniň umumy düzgünleri, saýlawlaryň kanunçylyk binýady, saýlaw toparlarynyň işi, saýlawçylaryň sanawlary, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak, wagyz işleri geçirmek we möhletinden öň ses bermek barada aýdylýar.

Saýlawlara gatnaşan GDA-nyň halkara synçylarynyň pikirine görä, hasabatda beýleki maglumatlar bilen birlikde esasan hem:

GDA-nyň halkara synçylarynyň öz işini ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi;

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Saýlaw kodeksiniň raýatyň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny, ählumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlawlaryň erkinligini, saýlaw hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet we beýleki goraglylygyny, saýlawlara jemgyýetçilik we halkara gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny kepillendirýändigi;

Milli kanunçylygyň saýlaw çäreleriniň ähli tapgyrlaryny takyk we doly derejede kadalaşdyrýandygy hem-de açyk, erkin we demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat edýändigi;

Saýlaw toparlarynyň aragatnaşyk serişdeleri, guramaçylyk tehnikasy, zerur bolan usulyýet edebiýaty hem-de maglumat serişdeleri bilen üpjün edilendigi;

Merkezi we ýerli saýlaw toparlarynyň saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda saýlawlara talabalaýyk taýýarlyk görmek we geçirmek üçin zerur çäreleri görýändigi;

Saýlawçylaryň sanawyny düzmek we anyklamak işleriniň hem Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýändigi we şonuň netijesinde bolsa Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara gatnaşmaga bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilýändigi;

Dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleriniň deňhukuklylyk esasynda erkin we açyklykda, milli kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek esasynda geçirilýändigi;

Raýatlaryň deputatlyga dalaşgärler, saýlaw möwsüminiň tapgyrlary hem-de barşy hakyndaky anyk we hemmetaraplaýyn maglumatlar bilen tanşyp bilmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigi;

Saýlaw möwsüminiň durnukly ýagdaýda, açyk bäsleşik esasynda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýändigi beýan edilýär.

Saýlawlar gününiň öňüsyrasynda GDA-nyň halkara synçylary tarapyndan berlen bu ýokary we mynasyp baha saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň iňjeňliginiň has-da ýokarlanmagyna getirdi hem-de saýlawlaryň ähli taýýarlyk işleriniň demokratik ýörelgelere esaslanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. 

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen bu demokratik saýlawlara syn etmek işleriniň netijeleri boýunça GDA-nyň we ŞHG-niň halkara synçylar wekiliýetiniň jemleýji pikirleri – beýanlary ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde uly seslenmä eýe boldy.

Has takygy, 2018-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Şol duşuşykda Sergeý Lebedew Türkmenistanda geçirilen parlament saýlawlarynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Myhman saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda hem-de hereket edýän milli kanunçylyga we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk derejede geçendigini belläp, türkmenistanlylaryň öz erk-isleglerini erkin beýan edip bilmegi üçin zerur şertleriň döredilendigini hem nygtady.

Şeýle-de şol gün, ýagny 2018-nji ýylyň 26-njy martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty geçirildi. Şol mebugat maslahatynda Mejlisiň deputatlaryna saýlawlara taýýarlyk işlerine we onuň geçirilişine guralan gözegçiligiň netijeleri beýan edildi.

Wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanda saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda, açyklyk we aýanlyk şertlerinde hem-de saýlawçylaryň ýokary işjeňliginde üstünlikli, guramaçylykly geçendigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, toparyň beren bahasy saýlawlara görlen taýýarlygyň we onuň geçirilişiniň anyk beýanyny özünde jemleýär. Çykyş edenleriň pikirine görä, kabul edilen çözgütler we netijeler milli saýlaw kanunçylygyna, anyk gözegçilige we toparyň agzalarynyň ýurdumyzda bolan mahaly toplan degişli maglumatlaryna esaslanýar.

Mundan başga-da, hemişelik Bitarap Türkmenistanda soňky ýyllarda milli saýlaw kanunçylygynyň has-da kämilleşdirilendigi bellenildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň demokratik saýlawlar babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýändigi hem-de saýlawçylaryň öz isleglerini erkin we açyk beýan edip bilmegini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup durýandygy nygtaldy.

Şeýle hem Saýlawlary we sa­la salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, ähli derejedäki saýlaw toparlarynyň işine ýokary baha berildi, saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrynda hukuk hem-de maglumat üpjünçiliginiň ýokary guramaçylykly, sowatly alnyp barlandygy bel­lenildi. Şol bir wagtyň özünde saýlaw möwsüminiň demokratik derejesiniň barha ýokarlanýandygy aýratyn nygtaldy.

Halkara synçylar toparlarynyň agzalary saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen çäreleriň maglumat üpjünçiliginde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orun eýeländigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanda bu gezekki geçirilen saýlawlaryň medeniýetiniň örän ýokary derejede bolandygy, onda saýlawlaryň kadalarynyň pugta berjaý edilendigi aýratyn nygtaldy.

Saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendiginiň tassyknamasy hökmünde GDA-nyň we ŞHG-niň halkara synçylarynyň we dostlukly döwletlerimizden gelen garaşsyz halkara synçylarynyň käbirleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýan eden aýratyn pikirlerini hem okyjylar köpçüligine ýetirmekligi makul bildik.

Sergeý LEBEDEW, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary:

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça taýýarlyk işleriniň we saýlawlaryň geçişine syn etmek boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary öz işini jemledi. Saýlawlaryň bir günde, ýagny 25-nji martda geçirilmegi üstünlikli boldy. Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi garaşylan netijäni berdi diýip pikir edýäris.

Türkmenistanyň ähli ýerlerinde saýlawlaryň baýramçylyk ýagdaýynda geçendigini, saýlaw hukukly raýatlaryň işjeňligini bellemek isleýärin. Islendik saýlaw uçastogynda bolanymyzda hem raýatlaryň agzybir, baýramçylyk ruhunda saýlawlara işjeň gatnaşandyklaryna şaýat bolduk.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda boldular. Biziň toparymyzyň düzümine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 8 döwletinden 90 adam girýär. Saýlawlaryň ses bermek we olaryň hasabyny jemlemek işleri gutarandan soň, biz Aşgabat şäherine ýygnanyp, saýlawlaryň jemlerini ara alyp maslahatlaşdyk hem-de saýlawlaryň beýannamasynyň taslamasyny işläp taýýarladyk.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň işgärleri öz işleriniň hötdesinden ussatlyk bilen gelýärler. Saýlawlar erkin bäsdeşlik, aç-açanlyk ýagdaýynda geçirildi. Bir orna 2 3 adam dalaşgär görkezildi. Şoňa görä-de, dalaşgärleriň arasyndan iň mynasyp adamlaryň saýlanandygyna ynanýarys.

Dalaşgärleriň terjimehallaryndan olaryň ählisiniň tejribeli, mynasyp adamlardygy görünýär. Olar geljekde Türkmenistanyň halkynyň özlerine bildiren ynamyny ödärler we ýurduň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar diýip pikir edýäris. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň adyndan we hut öz adymdan doganlyk Türkmenistana bagt we gülläp ösüş, saýlawlarda üstünlik gazananlara bolsa geljekde ähli işlerinde rowaçlyk arzuw edýärin.

Nurlan AKKOŞKAROW, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary:

Biz Türkmenistanda saýlawlaryň geçişine syn etmek boýunça işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Saýlawçylaryň möhüm syýasy çärede örän işjeňlik görkezendigini nygtasym gelýär. Biz 200-den gowrak saýlaw uçastoklarynda bolduk, diňe Aşgabatdaky däl, eýsem, welaýatlardaky saýlaw uçastoklaryna hem baryp gördük. Ähli ýerlerde saýlawlaryň geçirilmegine ýokary derejede taýýarlyk görlüpdir. Saýlaw toparyna we beýleki guramaçylara berlen sowallara doly we anyk jogaplary aldyk. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň topa­ry saýlawlaryň ýokary guramaçylykly geçirilendigini ykrar edýär.

Halkara synçylary bilen söhbetdeşlikde olaryň ählisiniň saýlawlaryň guralyşyna ýokary baha berýändigine şaýat bolýarys. Halkara guramalarynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, bu saýlawlar milli demokratiýanyň barha pugtalandyrylýandygyna, raýat jemgyýetiniň ösüşlerine şaýatlyk edýär. Men türkmen halkyny, Türkmenistanyň hormatly Prezidentini ýurtda saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi we onuň netijeleri bilen gutlaýaryn.

Şaitdin ALIÝEW, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan halkara synçy:

Biz Türkmenistanyň çakylygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan wekilçilikli topar bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etdik. Türkmenistanda öz wezipämizi üstünlikli hem-de ýokary derejede ýerine ýetirmegimiz üçin ähli zerur şertler döredildi.

Aýratyn belläp geçmek isleýän zatlarymyň biri hem, siziň ýurduňyzda saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilendigidir. Bu saýlawlar demokratiýanyň hem-de adam hukuklarynyň belent dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasy boldy. Muňa saýlaw uçastoklaryna aýlanyp görenimizde anyk göz ýetirdik. Biziň pikirimizçe, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga hukugyny, saýlawlaryň erkinligini, saýlaw hukuklarynyň goraglylygyny, saýlawlara jemgyýetçilik we halkara gözegçiligiň amala aşyrylmagyny kepillendirýär.

Saýlawlaryň baýramçylyk ruhunda geçendigini-de nygtamak gerek. Çünki, ses bermäge gelen raýatlaryň ählisinde ruhubelentlik, şähdaçyklyk duýuldy. Men hem öz gezegimde, türkmen halkyny bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlaýaryn. Türkmenistana gülläp ösüşleri arzuw edýärin.

Sergeý KRÝUÇEK, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekili:

Biz, halkara synçylar hökmünde Türkmenistanda geçirilen saýlawlara GDA-nyň adyndan wekilçilik et­dik. Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen saýlawlara, olara taýýarlyk möwsümine gözegçiligimizi amala aşyrmagymyzyň çäklerinde hiç hili düzgün bozmalaryň ýüze çykarylmandygyny buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu möhüm syýasy çäräniň ähli tapgyry Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara gatnaşmaga konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Türkmen halky buýsanmaga haklydyr. Raýatlaryň öz erk-islegini doly ýagdaýda  hem-de erkin beýan edip bilmegi ýurtda kanunçylyk binýadynyň berk tutulandygyndan habar berýär. Raýatlar öz mynasyp hasaplan dalaşgärlerine ses bermek arkaly aýdyň geljegi saýlaýarlar.

Türkmenistanlylar üçin baýramçylyk gününde biziň aýlanyp gören ähli saýlaw uçastoklarymyzda ses bermeklik durnukly ýagdaýda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň aýdym-sazly, duz-çörekli, mähirli garşy alynmagy olaryň şatlyk duýgularyny has-da artdyrdy.

Irina RODNINA, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekili:

Biz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan gelen synçylar toparynyň düzümine degişli bolup, meniň özüm Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyndan deputatlaryň toparyna wekilçilik etdim.

Saýlawlar hakykatdan hem uly baýramçylyk ruhunda geçdi. Bu baýramçylyk bilen ähli türkmen halkyny gutlasym gelýär. Hemme zat tertip-düzgünli, ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Biziň hiç hilli belligimiz ýok. Saýlaw uçastoklarynda işler talabalaýyk ýerine ýetirildi. Saýlawlarda saýlawçylaryň erkinligi, saýlaw hukuklary we azatlyklary berjaý edildi. Raýatlaryň saýlawlara gatnaşmak we ses ber­mek boýunça konstitusion hukukla­ry doly berjaý edildi.

Neda BERGER, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň prezidenti:

Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, türkmen halkyny bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlamak isleýärin. Bu halkyň baýramçylygy. Bu demokratiýanyň baýramçylygy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişlikde tutýan mynasyp ornunyň näderejede uludygyny görkezýär. Merkezi saýlaw toparyny saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesi bilen gutlaýaryn. Ses bermek üçin raýatlara ähli şertler döredildi. Saýlawlara halkara synçylary hökmünde köp ýurtlaryň wekilleri geldi. Olaryň ählisiniň hem saýlawlaryň ýokary derejesi hakyndaky pikirlerini eşitmek ýakymly boldy. Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, türkmen halkyna jan saglyk, bagt we gülläp ösüş arzuw edýärin. Size dünýädäki ähli gowulyklar ýar bolsun!

Ýuriý DEMÝANENKO, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan halkara synçy:

Ähli ýerde baýramçylyk ruhuny duýmak juda ýakymly boldy. Köp saýlaw uçastoklaryna aýlandyk. Merkezi saýlaw toparynyň ýokary derejedäki taýýarlygyna göz ýetirdik. Saýlawçylar erkin ses berdiler. Saýlawlaryň dowamynda hiç hili bökdençliklere gabat gelinmedi. Halkara synçy hökmünde guramaçylygyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Milli we halkara kanunçylyklarda saýlawlaryň geçirilişinde bildirilýän talaplar dolulygyna ýerine ýetirildi. Munuň özi ýurtda demokratik ýörelgeleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

* * *

Şeýlelikde, bu abraýly halkara guramalarynyň hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilen bu saýlawlara syn etmek işleriniň netijeleri baradaky jemleýji beýanlary we Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden gelen halkara synçylarynyň öz aýratyn pikirleri saýlawlaryň aýanlykda, demokratik ýörelgelerden ugur alnyp geçirilendiginiň halkara derejesindäki ykrarnamasy boldy. Munuň özi, sözüň doly manysynda, ählumumy ykrar edilen demokratik kadalaryň Türkmenistanda ygtybarly berjaý edilýändiginiň özboluşly subutnamasy bolup ýaňlandy.

 

A.Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi.