CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 27-NJI GÜÝZI

Döwranlaryň ýagşysy Garaşsyzlyk döwranydyr. Zeminiň gülläp ösýän döwletleriniň hatarynda tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz özüniň iň uly baýramyna — Garaşsyzlyk toýuna barýar.

Milli Liderimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty, taryhy özgertmeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz ata Watanymyzyň bedew bady bilen ösüp-özgermegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň öňküden-de gowulanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna gönükdirilen döwletli işler, belent maksatly tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Dünýä bazarlarynda harytlaryna uly isleg bildirilýän täze-täze önümçilik toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçilikleriniň ýola goýulmagy, gara we demir ýollarynyň, köprüleriň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, nebit, gaz, himiýa senagatynyň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna  aýratyn  ähmiýet berilmegi, ylym-bilim ojaklarynyň, medeni maksatly  binalaryň, saglygy goraýyş we sport desgalarynyň yzygiderli we dowamly gurulmagy Türkmenistan döwletimizde ynsanlar baradaky edilýän aladanyň örän ýokarydygyndan habar berýär. Şeýle hem milli Liderimiziň bu yhlas-tagallalary diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem welaýatdyr etrap merkezlerimiziň, obadyr şäherçelerimiziň keşbiniň öňküden-de gözelleşmegine getirendigini aýratyn nygtamalydyrys.

Durmuşa geçirilýän çuň özgertmeler biziň döwletimizde ykdysady ulgamyň işiniň adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine laýyk geler ýaly derejede düzgünleşdirilmegi üçin oňyn şertleri döretdi. Bu bolsa raýatlarymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilen durnukly ösüşiň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri  açdy. 

Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky aklyňy haýrana galdyryjy ösüşler bu  ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylmagyny  üpjün etdi. Gazanylýan bu üstünlikler raýatlarymyzyň watançylyk duýgularynyň ösmegine, berkemegine, has-da çuňlaşmagyna mümkinçilik berdi. Ynsanlaryň öz ýurduna, öz döwletine, öz milli Liderine bolan uly ynamy bolsa, türkmen döwletiniň binýadynyň mizemezligini  üpjün edýän  baş  görkezijileriň birine öwrüldi. Hut şonuň üçin-de, Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ýigrimi ýedinji ýylyny-da uly zähmet ýeňişlerine beslän edermen türkmenistanlylar üçin bu baýram aýratyn mukaddeslige eýedir.

Ýurda şan-dereje berýän işleriň bitirilen mekanyna öwrülen hemişelik Bitarap Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy şu ýyldan başlap, her ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilip geçiler. Bagy-bossanlar içre saýlanyp oturan syrdam boýly owadan çynara meňzeýän gözel Diýarymyzda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk paradynda soňky döwürde halk hojalygynda gazanylan äňli üstünlikler, ýetilen sepgitler öz simwolik beýanyny tapar. Baýramçylyk keşbine giren Türkmenistan Diýarymyzyň çar künjünde — ähli obadyr kentlerinde guralýan dürli medeni çäreler ruhy hal-ýagdaýy belent derejelere göterilen raýatlarymyzyň kalplaryna wagtyhoşluk paýlap, şatlygyna şatlyk goşýar.

Merkezi saýlaw topary hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň zähmetsöýer halkyny her ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilýän iň uly baýram, ýagny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýar. Toýlaryňyz toýlara ulaşsyn, eziz ildeşler!