2023-05-11
Ýurdumyzyň taryhynda we halkyň hakydasynda aýratyn yz galdyran şahsyýetleriň adyny ebedileşdirmek babatda amala aşyrylýan işlerden ugur alyp, türkmen halkynyň gadymy atçylyk sungatyny ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň tohumynyň arassalygyny saklamakda we nesilden-nesle geçirmekde aýratyn goşant goşan, ussat atşynas, ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlaryny hem-de Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, şeýle hem «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda çykaran karary bilen, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy hem-de ol «Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi» diýlip atlandyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
