Habarlar

Makalalar

Wideo materiallar

Milli synçylar bellige alyndy

2026-02-11

Milli synçylar bellige alyndy

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryň aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň jemi 624-si bellige alyndy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alnan milli synçylaryň umumy sanynyň 52 göterimden gowragy zenanlardyr, 49 göterimden gowragy bolsa ýaşlardyr.

Şeýlelikde, mart aýynyň soňky ýekşenbesinde boljak saýlawlaryň aýanlykda, saýlaw kanunçylygyna, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilmeginde milli synçylaryň wajyp orny bardyr.