Habarlar

Makalalar

Wideo materiallar

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi dowam edýär

2026-02-12

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk  möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri guramaçylykly dowam edýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäre bilen baglanyşykly, milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işleri tassyklanylan meýilnama esasynda ýurdumyzda giň gerim bilen dowam edýär. Saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň guramalary hem-de ýurdumyzyň raýatlar toparlary gatnaşýarlar.

Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.

Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.

Dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlislerde, ýygnaklarda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän raýatlar dalaşgärlige hödürlenilýär. Geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda çykyş edenler dalaşgärlige hödürlenilýäniň ilat arasyndaky abraýy, olaryň işjeňlik we guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Elbetde, saýlaw hukukly raýatlaryň arasyndan mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi bolsa, saýlawlaryň aýratyn ähmiýetli tarapydyr.

Şunlukda, her bir saýlaw okrugyna birnäçe dalaşgäriň hödürlenmegi bu saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik şertlerde, halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda geçiriljekdigini äşgär edýär.