2026-02-23
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri batly depginlerde dowam edýär.
Milli saýlaw kanunçylygyna we tassyklanylan degişli meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda geçiriljek saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, şeýle hem raýat toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Olaryň dowamynda iň mynasyp wekiller ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna, ýerli wekilçilikli hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärlige hödürlenilýär.
Hödürlenilýän dalaşgärleriň ilat arasynda hormatlanýan, zähmetsöýer adamlardygyny, olaryň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Her bir saýlaw okrugyna bir orun üçin birnäçe dalaşgär hödürlenýär, bu bolsa saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçiriljekdigini subut edýär.
2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryň aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň jemi 624-si bellige alyndy.
