2026-02-25
Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri guramaçylykly dowam edýär.
Saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň guramalary hem-de ýurdumyzyň raýatlar toparlary gatnaşýarlar.
Şu günler Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine dalaşgärleri syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlemeklige bagyşlanan ýygnaklar giň gerim bilen dowam edýär. Dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşylýar. Olaryň içinden Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan halk maslahatlarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşleriň agzalygyna has mynasyplar dalaşgärlige hödürlenilýär.
Çykyş edenler her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň terjimehaly, il içindäki, işdeşleriň arasyndaky abraýy, iş başarjaňlyk, guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar.
Dalaşgärleri hödürlemek işleri 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda tamamlanar. Degişli saýlaw toparlarynda dalaşgärleri bellige almak bolsa şu ýylyň 3-nji martyna çenli dowam eder.
Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen ata Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyna itergi berjek demokratik özgertmeleriň halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň berkidilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda ähli güýjüni, tejribesini, bilimini gaýgyrman işlemäge höwesli mynasyp adamlaryň Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna saýlanjakdygyny geçirilýän ýygnaklarda çykyş edenler hem aýratyn belleýärler.
