Habarlar

Makalalar

Wideo materiallar

Dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

2026-02-26

Dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri 26-njy fewralda tamamlandy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji, 45-nji, 47-nji maddalaryna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň syýasy partiýalary we raýatlar toparlary gatnaşdylar. Syýasy partiýalar we raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna deputatlyga, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan halk maslahatlarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşleriň agzalygyna has mynasyplary dalaşgärlige hödürlediler.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine dalaşgärleri degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige almak işleri 2026-njy ýylyň 3-nji martyna çenli dowam eder.