Habarlar

Makalalar

Wideo

Degişli saýlaw okruglarynyň çäklerinde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär

2026-03-03

Degişli saýlaw okruglarynyň çäklerinde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Şu günler wagyz işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, degişli saýlaw okruglarynda dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirýärler.

Ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär, onuň dowamynda milli parlamentiň deputatlygyna, ýerli wekilçilikli edaralaryň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirýärler. Duşuşyk ýygnaklarynda saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň çykyşlary arkaly, olaryň terjimehallary bilen tanyşýarlar. Soňra dalaşgärler çykyş edip, öz maksatnamalary bilen saýlawçylary giňişleýin tanyşdyrýarlar.

Milli parlamentde we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz okruglaryna wekilçilik etmek üçin halkyň arasynda uly hormata we ynama eýe bolan iň mynasyp adamlaryň dalaşgär hökmünde hödürlenilendigini bellemek gerek.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky saýlawlardaky maksatnamalarynyň wezipelerini anyk beýan etdip, dalaşgärler saýlawçylaryň köp sanly sowallaryna ýerlikli jogap berýärler. Şeýle-de, dlaşgärler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde öz bilimlerini, ukyplaryny, tejribelerini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.

Ähli dalaşgärlere milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Ýakyn günlerde bellige alnan dalaşgärleriň sanawy merkezi we ýerli metbugatda çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetiriler. Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleriň telewideniýede hem maksatnamalaýyn  çykyşlary şöhlelendiriler.

Mälim bolşy ýaly, bu saýlawlaryň açyklyk we giň bäsleşik esasynda geçirilmegi türkmen jemgyýetiniň durmuşynda gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriň has-da berkidilýändiginiň subutnamasydyr.