Habarlar

Makalalar

Wideo

2026-03-10

Saýlawlara taýýarlyk işleri dowam edýär

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary we milli synçylar bilen okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle-de, şu günler degişli saýlaw okruglarynda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklary hem işjeň ýagdaýda dowam edýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar bilen baglanşykly taýýarlyk işleriniň çäklerinde, tassyklanylan meýilnama laýyklykda, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary hem-de milli synçylar bilen okuw maslahatlary geçirildi. Maslahatlaryň barşynda ýurdumyzda saýlaw ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle-de, öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary we wezipe borçlary, saýlaw uçastogy boýunça saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek, ses berilýän jaýy bellenilen tertipde enjamlaşdyrmak, saýlaw býulletenleriniň görnüşleri we býulletenleri ses bermäge taýýarlamak, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň tertibi barada giňişleýin düşünje berildi.

Okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleler babatda anyk maslahatlar aldylar we sowal-jogaplar alşyldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyklary giň gerime eýe bolmak bilen, guramaçylykly ýagdaýda dowam edýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyk ýygnaklaryna gatnaşýan raýatlarymyzyň işjeňligi hem doly subut edýär. Şol duşuşyklarda dalaşgärler saýlawçylaryň öňünde çykyş edip, özleriniň maksatnamalary bilen saýlawçylary giňişleýin tanyşdyrýarlar. Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär kämilligi we guramaçylyk taraplary, olaryň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna goşant goşmak meýilleri dalaşgärleriň maksatnamalarynyň özenini düzýär. Ildeşlerimiz öz mynasyp işi bilen il içinde abraý alan raýatlarymyzyň saýlawlarda ýeňiş gazanmagy üçin, mynasyp dalaşgäre ses bermegiň tarapdarydyklaryny beýan edýärler. Öz işini gowy bilýän, hakyky watansöýüjiler hökmünde dalaşgärler watandaşlarymyzyň özlerine bildirilen ynamlaryny ödejekdiklerine ynandyrýarlar we olaryň sowallaryna ýerlikli jogap berýärler. Şeýle hem olar hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň amala aşyrylmagy ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny, tejribelerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryny nygtaýarlar, ähli saýlawçylary bu il-ýurt bähbitli, geljegi nazarlaýan möhüm çärä agzybirlik bilen gatnaşmaga çagyrýarlar.

Açyklyk, aýdyňlyk, giň demokratik ýörelgeler esaslarda, bäsleşik şertlerinde geçiriljek saýlawlara syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary, şeýle hem dalaşgärler tarapyndan bellenen milli synçylaryň hem 667-si gatnaşar.