2026-03-11
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, raýatlaryň syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýan saýlawlar ýurdumyzda demokratiýanyň giňden dabaralanýandygyny hem aýdyň görkezýär. Saýlawlar milli kanunlara we halkara kadalaryna laýyklykda, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň goraglylygy esasynda geçirilip, saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen demokratik ýörelgelerini özünde jemleýär. Munuň özi bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň esasy ähmiýetli tarapydyr.
Saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara, demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukuklary demokratik ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýär. Dogrusy bu ugurda uly tejribe hem toplanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giň bäsleşik esasynda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsleşik esasynda, milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemlerine laýyklykda, biziň halkymyz, özüniň hem-de Watanymyzyň ykbalyny we geljegini Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ynandy. Şol geçirilen saýlawlardan bäri, halkyň saýlan Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mukaddes ata Watanymyzda amala aşyrylan il-ýurt bähbitli uly işlere ser salanyňda, «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýlen nakylyň örän dogrudygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle-de, halkyň pikiriniň, erk-isleginiň we gelen netijesiniň örän jaýdardygyna, ýerliklidigine, uly ähmiýete eýedigine buýsanýarsyň.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylynda halkymyz beýik özgertmeleriň şaýady bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, eziz Diýarymyzyň aýdyň geljegini gurýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda täze-täze zawod-fabrikleriň, durmuş-medeni maksatly dürli desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşýar.
Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryndan badalga alýan oňyn özgertmeler netijesinde ösýär. Ýurdumyz ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap täzelenişleriň ruhy bilen galkynýar.
Asuda, abadan döwletimiziň beýik ösüşleri, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täze nur çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň giň gerimlidigini bellemek has hem ýakymlydyr.
Watanymyzyň ähli ugurlary öz içine alýan ösüş depgini barha ilerleýär. Baky Bitarap döwletimizde milli maksatnamalaryň çäklerinde ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy ähli pudaklaryň düşewüntliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli artdyrylmagy hem-de bu ugurda amal edilýän ägirt uly işler bilen bagly alnyp barylýan öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we iňňän sagdyn syýasat biziň ähli ösüşlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň özeni bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda düýpli özgertmeleriň ylmy esaslandyrmalara laýyklykda, örän oýlanyşykly düzülen maksatnamalaryň kabul edilmegi we ýerine ýetirilmegi netijesinde uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze obalar, şäherler, etraplar döredildi. Döwrebap önümçilik, senagat kärhanalary, bilim, saglyk, sport we medeni maksatly binalar gurlup ulanmaga berildi. Jemgyýetçilik gatnaşyklary hem kämilleşdirildi. Bazar ykdysadyýeti şertlerine geçilmegi netijesinde telekeçileriň we senagatçylaryň, hususyýetçileriň täze nesli kemala geldi. Häzirki wagta bolsa ýurdumyzyň içinde iş alyp barmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejelere hem çykýarlar. Olar Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, import harytlarynyň ýerini tutýan önümleri öndürmäge, Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge mynasyp goşant goşýarlar.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuş üpjünçiligi ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde maşgalalaryň müňlerçesi ýeňillikli karzlaryň hasabyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň we öýleriň eýeleri bolýarlar. Ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan goldaw bermek işiniň ýola goýulmagy, raýatlarymyzyň oňaýly şertlerde ýaşamaklary, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, ruhy taýdan baý bolmaklary üçin ähli şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi esasynda türkmen jemgyýeti hil taýdan özgerdi, jemgyýetimizde kämil ýörelge kemala geldi. Onda emele gelen sazlaşyk bolsa köp partiýalylygyň döremegine, dürli gatlaklaryň pikirlerine çuňňur hormat we sarpa goýulmagyna getirdi. Netijede ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň gerimi barha giňedi.
Aslyýetinde, saýlawlar ýurdumyzyň ilatyna degişli bolan syýasy hukuklaryň erkin ýüze çykmasydyr, saýlawçylaryň erk-islegleriniň erkin we gizlin beýan edilmegidir, has takygy, saýlamak we saýlanmak hukugy raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.
Demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, ýurduň Baştutany wezipesine saýlanylmagynyň dört ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýüregimizden gutlaýarys!
Şu şatlykly pursatlarda, halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimiz — Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ähli beýik, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Eziz Baýramow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.
