2026-03-19
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlaw okruglarynda şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu işler ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek, degişli saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen saýlaw hukukly raýatlar saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galanda, ýagny 19-njy martdan başlap, saýlaw uçastoklarynda ses berip bilerler. Munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara gatnaşmak hukuklarynyndan peýdalanmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň biridir.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy.
Saýlaw möwsüminiň dowamynda beýleki degişli saýlaw toparlary bilen birlikde, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň mynasyp wekilleri girýär.
Öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre boýunça saýlaw okruglarynyň jemi sany 363-e deň bolup, şol saýlaw okruglarynyň çäginde hereket etjek saýlaw uçastoklarynyň 578-si saýlawlary geçirmäge doly taýýar edildi. Has anygy: Ahal welaýatynda 77-si, Balkan welaýatynda 12-si, Daşoguz welaýatynda 163-si, Lebap welaýatynda 181-si, Mary welaýatynda 125-si, Aşgabat şäherinde 20-si. Olar saýlaw býulletenleri, kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça maglumat materiallary, usuly edebiýatlar, kadalaşdyryjy resminamalar we beýleki materiallar bilen üpjün edildi.
Türkmenistanyň raýatlarynyň 658924-si saýlawlarda ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Şolaryň 11373-si saýlawlarda ilkinji gezek ses berýän saýlaw hukukly ýaş saýlawçylardyr. Saýlawçylaryň 16697-si ýaşy 70-den geçen ýaşuly adamlar, 1998-si bolsa ýarawsyzlygy sebäpli saýlawlar güni ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylardyr. Möhletinden öň ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 8:00-dan 18:00-a çenli geçiriler.
Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlar toparlarynyň wekillerinden bellenilen, şeýle-de, dalaşgärleriň özleriniň bellän milli synçylarynyň 667-si welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilen ýygnaklara, saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna, saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle hem saýlaw güni saýlaw uçastoklaryna baryp görmek syn etmek mümkinçiligi döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratik esasda geçirilmegine oňyn täsirini ýetirer. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda dalaşgärler bilen duşuşyklar hem dowam edýär. Olaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga gönükdirilen maksatnamalary bilen tanyşýarlar.
Şeýlelikde, şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça möhletinden öň ses bermegiň badalga alan tapgyry bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlygy tassyklaýar. Bu çäre ýurdumyzyň demokratik ösüş ýoluna, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsine öwrüler.
