2026-03-27
Ozal habar berilişi ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda, ýekşenbe güni saýlawlar geçiriler. Ýurdumyzda geçiriljek bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 63-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan wagyz işlerini geçirmek çäreleri tamamlandy.
Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljak bu jemgyýetçilik-syýasy çäre mynasybetli, wagyz işleriniň çäklerinde, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklary giň gerime eýe bolmak bilen, guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň degişli okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen geçiren duşuşyk ýygnaklaryna gatnaşýan raýatlarymyzyň işjeňligi hem doly şaýatlyk edýär. Şol duşuşyklarda dalaşgärler saýlawçylaryň öňünde çykyş edip, özleriniň maksatnamalary bilen saýlawçylary giňişleýin tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna goşant goşmak meýilleri dalaşgärleriň maksatnamalarynyň özenini düzýär. Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär kämilligi we guramaçylyk taraplary, olaryň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilikden doly peýdalanyp, sowallaryna ýerlikli jogap aldylar.
Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna we halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirildi. Saýlawlar ýurdumyz boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 363-sinde geçiriler. Şol sanda: saýlaw okruglarynyň 140-synda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň şeýle-de, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlaw okruglarynyň 5-sinde, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlaw okruglarynyň 3-sinde, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlaw okruglarynyň 12-sinde, geňeşleriň agzalarynyň saýlaw okruglarynyň 203-sinde saýlawlar geçiriler.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, bahar paslynda geçjek saýlawlarda hem her bir saýlaw okrugy boýunça dalaşgärleriň azyndan 2–3-si bäsleşer. Bu bolsa saýlawlaryň bäsleşik şertlerinde geçirilýändigini görkezýär. Olar dalaşgärlige Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi.
Saýlawlar welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäklerindäki degişli etrapdyr şäherleriň 43-sinde, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň 156-synda geçirilýär.
Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlarda saýlawçylaryň ses bermekleri üçin saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder, şol saýlaw uçastoklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 658924-si saýlawlarda ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Şolaryň 11373-si saýlawlarda ilkinji gezek ses berýän saýlaw hukukly ýaş saýlawçylardyr.
Käbir sebäplere görä, şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän Türkmenistanyň raýatlary möhletinden öň, ýagny saýlawlaryň resmi taýdan geçirilýän senesinden 10 gün öň ses bermek hukuklaryndan hem peýdalandylar.
Bu geçiriljek saýlawlaryň kanunalaýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk, giň demokratik esaslarda, bäsleşik şertlerinde geçirilişine syn etjek, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary, şeýle hem dalaşgärler tarapyndan bellenen milli synçylaryň hem 667-si gatnaşar.
Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň milli demokratiýamyz esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändiginiň, raýatlaryň erk-islegleriniň erkin ýüze çykmagynyň, ýagny olaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň has-da berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
29-njy martda saýlaw uçastoklaryna gelip, ses berjek saýlawçylar saýlan dalaşgärleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan, Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanmak bilen, has mynasyp dalaşgärlere ses bererler.
Saýlawlar güni ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 7:00-dan 19:00-a çenli geçiriler.
