Habarlar

Makalalar

Wideo

Türkmenistan — Azerbaýjan: dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

2026-06-24

Türkmenistan — Azerbaýjan: dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 22-23-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Zagulba» köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin hoşallyk bildirdi

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny belläp, geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana iki gezek sapar bilen gelendigini, şeýle hem Prezident Ilham Aliýewiň Türkmenistana sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak boýunça edýän şahsy tagallalary we aýratyn ünsi üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek mübärekläp, bu sapara Azerbaýjanda örän uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bu günki gol çekiljek resminamalaryň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza Fizuli şäherine metjit sowgat etmek baradaky çözgüdi üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň ýurdumyzdan Azerbaýjan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilikleriniň bardygyny, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belledi. Üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklar biziň hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugry bolup durýar. Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra iki ýurduň Prezidentleri Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeriniň gowşurylmagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Ilki bilen, bu ýerde döwlet Baştutanlaryna «Dostluk» nebit tankeri barada giňişleýin maglumat berildi.

Soňra Azerbaýjanyň wekili döwlet Baştutanlaryndan gämini işe girizmäge ak pagta bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti ýörite düwmä basdylar. Monitor arkaly tankeriň ýüzüşe goýberilişi görkezildi.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde soňra hormatly Prezidentimiz «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna bardy we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewi guburyna gül desselerini goýdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.

Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň ikinji güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Fizuli şäherine ugradylar. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy.

Soňra iki ýurduň Prezidentleri Şuşa şäherine ugradylar. Şuşa şäherine barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti bu ýeriň tebigatyny synladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra hormatly Prezidentimiz we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen tanyşdylar.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary täze gurulýan Şuşa metjidine baryp gördüler. Hormatly Prezidentimize metjidiň binagärlik taslamasy we çyzgylary görkezildi. Bu medeni-ruhy desganyň daşky görnüşi, içerki bezegleri yslam hem-de ýerli binagärligiň nusgawy düzgünlerini hem-de özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň ömrüne, döwlet işine we bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlaryna bagyşlanan ýörite sergä baryp gördüler. Sergide Geýdar Aliýewiň bitiren hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hurşidbanu Natuwanyň, Üzeýir Gajibeýliniň, Bülbüliň heýkellerini synladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Şäheriň medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Belent gaýalaryň gyrasynda ýerleşýän bu täsin tebigy ýer gadymy döwürlerden bäri atly bäsleşikleriň, milli oýunlaryň, dabaralaryň geçirilýän meýdançasy hasaplanýar. Jydyr düzünde hormatly Prezidentimize belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde Fizuli şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz hem-de Prezident Ilham Aliýew mähirli hoşlaşyp, birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.