Habarlar

Makalalar

Wideo

Türkmen halkynyň Milli Lideri COP31 sammitine gatnaşdy

2026-11-12

Türkmen halkynyň Milli Lideri COP31 sammitine gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 10-11-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Antalýa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen bu dünýä derejesindäki maslahata gatnaşmagy ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara giňişlikde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezmek bilen, «COP» maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Bu abraýly ählumumy meýdançalarda ýurdumyz «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça anyk milli çäreler bilen berkidilen garaýyşlaryny yzygiderli beýan edýär.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty dünýäniň ekologiýa arhitekturasyny kesgitleýän möhüm ählumumy mehanizm bolup durýar. Howanyň ählumumy maýlamagynyň öňüni almak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde bu forum döwlet Baştutanlaryny, bilermenleri, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemleýär.

Antalýa şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet–iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Şeýle-de, şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.

Maslahata dünýäniň 200-e golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ekologiýa ulgamyndaky bilermenler, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Onuň gün tertibine azyk howpsuzlygy, oba hojalygy, saglyk, energetika, ulag, söwda, maliýe, ylym-bilim, senagat, tehnologiýalar, şäherleri durnukly ösdürmek we zyňyndylary azaltmak boýunça milli borçnamalary pugtalandyrmak, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler, durmuş-medeni maksatnamalar girizildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahatyň geçirilýän ýerine — «Antalýa Ekspo merkezine» ugrady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Sammite gatnaşýan ähli wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Soňra BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylary mübärekledi. Ol öz çykyşynda häzirki döwrüň möhüm ähmiýetini belläp, howanyň bu babatda görülýän çärelerden has çalt üýtgeýändigini aýtdy we dünýä jemgyýetçiligini has netijeli çäreleri görmäge çagyrdy.

Sammitiň plenar mejlisiniň açylyş dabarasyndaky çykyşlarda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli borçnamalary ýerine ýetirmek we ekologik taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçmek meselelerine üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz maslahatyň Liderler sammitiniň plenar mejlisinde eden çykyşynda, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik we bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ýurdumyzyň bu maslahata howanyň üýtgemeginiň soraglary boýunça özara düşünişmegi berkitmek, howa baradaky ählumumy dialogy dünýä ösüşinde hereketlendiriji güýje öwürmek işinde möhüm çäre hökmünde garaýandygy nygtaldy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň howa babatdaky strategiýasy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup durýandygyny aýdyp, munuň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini, häzirki döwrüň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga degişli anyk çäreler bilen berkidilýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz halkara tagallalary howa bilen bagly meseleleri çözmek işinde jemlemäge möhüm ähmiýet berlip, howa meselesinde halkara hyzmatdaşlyga täze itergi bermekden ugur alnyp, Türkmenistan tarapyndan birnäçe başlangyjyň teklip edilýändigini aýtdy. Hususan-da, Türkmenistan 2028–2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmegi, şeýle hem gatnaşygyň täze inklýuziw görnüşini — howa gün tertibiniň soraglary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk halkara platforma hökmünde Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek, gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Howa boýunça Aşgabat dialogynyň çäklerinde Aşgabatda 2027-nji ýylda birinji halkara duşuşygy geçirmek teklip edilýär diýip belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Liderler sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibine berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň sammitiň belent münberinden öňe süren teklipleri bolsa ýurdumyzyň halkara dialogyň işjeň gatnaşyjysydygyny tassyklady.