2026-11-06
Güneşli ülkämiziň bereketli altyn güýzi ruhuňy belende göterýän baýramçylyklara baý pasyldyr. Toýy-toýlara ulaşýan abadan Diýarymyzda baýramçylyk çäreleri agzybirlikde, uly dabara bilen döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Şeýle ajaýyp baýramçylyklaryň biri hem türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedini, edermen daýhanlarymyzyň zähmet üstünliklerini alamatlandyrýan Hasyl toýy baýramydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleri bedew badyna deňelýän ýurdumyzda Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýär. Bu çäre daýhanlaryň halal zähmetini dabaralandyrýan baýramdyr. Hasyl toýy diýlende edermen daýhanlarymyzyň tutanýerlilik bilen maňlaý derini siňdirip çeken halal zähmetiniň bolelin miwesi hakydaňa gelýär. Hasyl toýy ene topragyň rysgal-berekediniň bolçulygyny, halkymyzyň agzybirligini, daýhanlarymyzyň üstünliklerini alamatlandyrýan ajaýyp buýsançly baýramdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygy ykdysadyýetimiziň iň möhüm pudaklarynyň biri bolup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halky asyrlar boýy topragy mukaddes saýyp, «Ýer-hazyna, suw-göwher» diýen pähime eýeripdir. Ýylyň-ýylyna sahawatly türkmen topragyndan bol hasyl öndürýän kärendeçi daýhanlarymyzyň gazanýan zähmet üstünliklerine guwanjymyzyň çägi ýokdur.
Hasyl toýy diňe pagtaçylaryň ýa-da gallaçylaryň baýramy däl-de, eýsem tutuş oba hojalyk pudagynda miwe, gök-bakja önümlerini öndürýän edermen zähmetkeşleriň umumy dabaraly toýudyr.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak hem-de bu ulgamy ähli babatda ähmiýetli pudaklaryň birine öwürmek boýunça öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, bu ugurda oba hojalyk toplumynyň agzybir işgärleri öndürijilikli zähmet çekip, özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
«Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýen parasatly pähimi döreden merdana halkymyz ähli döwürlerde hem daýhançylyga iň asylly kärleriň biri hökmünde uly sarpa goýupdyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň hem-de «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri gazanýarlar. Daýhanlaryň çeken halal zähmetine mynasyp baha berilmegi olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Her ýyl bu baýramda ýurduň öňdebaryjy daýhanlaryna, kärendeçilerine döwlet sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar, baýramçylyk çäreleri hem-de sergiler guralýar.
Berkarar ýurdumyzda halkymyzyň abadançylygyny, durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi.
Kärendeçiler, daýhanlar, daýhan birleşikleri, hususyýetçiler, oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak, ýerlemek bilen meşgullanýan telekeçiler içerki bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşup, ondan artygyny daşary ýurtlara eksport edýärler. Şeýleikde, bol hasyl berýän türkmen topragynda ýere yhlas siňdirilip dökülen her bir der damjasy rysgal-berekede öwrülýär.
Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredýän, halkymyzyň bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Baýramyňyz gutly bolsun, edermen türkmen daýhanlary!
Gülälek Gurbangulyýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Mary welaýaty boýunça iş ýöredijisi.
