2026-07-21
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 16-17-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Mihail Kawelaşwiliniň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Gruziýa döwlet saparyny amala aşyrdy.
Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Gruziýanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Prezident Mihail Kawelaşwili mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gruziýa sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesine gabat gelýändigini belläp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny bu waka bilen gutlady.
Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça «Hazar deňzi — Gara deňiz» ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy. Ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gruziýa bilen medeni, ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistan-Gruziýa işewürler forumyna gatnaşmak üçin «Ekspo Georgia» sergiler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gruziýanyň Premýer ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.
Soňra bu ýerde Türkmen-gruzin işewürler forumy geçirildi.
Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimizi hem-de foruma gatnaşyjylary mübärekläp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýada kabul etmegiň uly hormatdygyny belledi we şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnukly we ýokary depginde ösdürilýändiginiň, hususy pudak, işewürler gurşawy üçin täze, giň gözýetimleri açýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy maksadynyň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan ybaratdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa, önümçilik ulgamlary we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna belläp, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlary we hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady. «Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler bileleşigi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler.
Gruziýa döwlet saparynyň ikinji güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.
Gül goýmak dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Hökümet binasyna ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.
Soňra döwlet Baştutanymyz bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge Gruziýada möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Irakliý Kobahidze mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip bermegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ähmiýetini belledi hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-gruzin dialogy toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol iki halkyň we döwletiň uzak möhletli bähbitlerine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we dostlugyň nusgasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigini belledi hem-de deňizýaka Türkmenbaşy we Batumi şäherleriniň arasynda-da hem doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, gruzin tarapynyň bu başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge, ulag-logistika, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy.
Soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Gruziýanyň Hökümet Baştutany şu gezekki saparyň gruzin-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekilendigini, hem-de, bu resminamalaryň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Gruziýanyň Premýer-ministri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini, bu duşuşyklaryň dostlukly we işjeň ýagdaýda geçendigini, şeýle hem saparyň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti bilen hem duşuşygyň geçirilendigini aýdyp, geçirilen gepleşikleriň Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklandygyny nygtady. «Biz mundan beýläk-de ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny döretmek, yzygiderli diplomatik tagallalary etmek barada ylalaşdyk» diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesine gabat gelýändigini belläp, Premýer-ministr Irakliý Kobahidzeni bu sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda bu taryhy wakanyň 35 ýyllygyny giň gerimde, ýokary derejede bellemegiň teklip edilendigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline geldiler. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek belläp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň netijesi ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.
